Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • GARAŞSYZLYK WE BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ ÖSÜŞIŇ HEM-DE ABADANÇYLYGYŇ MUKADDES BINÝADY

    Türkmenistanyň...

  • HALKYMYZYŇ ABADANÇYLYGY WE BAGTYÝAR DURMUŞY – DÖWLET SYÝASATYNYŇ BAŞ MAKSADY

    Türkmenistanyň...

  • DOSTLUKLY GATNAŞYKLARYŇ MIZEMEZLIGIŇ BERK BINÝADY

    Ýakynda...

  • ÝAŞLAR BIZIŇ GELJEGIMIZDIR

    Şu gün...

  • HALKYMYZYŇ ABADAN DURMUŞYNY ÜPJÜN ETMÄGE GÖNÜKDIRILEN GIŇ MÖÇBERLI ÖZGERTMELER

    Türkmenistanyň...

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY: HALKYŇ BÄHBIDINE BEÝIK IŞLER

Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň  Mary welaýat komiteti tarapyndan «Röwşen» hususy kärhanasynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty: halkyň bähbidine beýik işler» atly düşündiriş-wagyz çäresi geçirildi.

Çykyş edenler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti, ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda alnyp barylýan il-ýurt bähbitli işleri dogrusynda nygtadylar. Olar çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy ösdürmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle hem «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Türkmenistanyň Halk Maslahatyny ýokary derejede geçirmek boýunça hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň toýuna görülýän taýýarlyk işleri dogrusynda nygtadylar.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň ählisi türkmen halky üçin ähli ugurda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklaryny bildirdiler.

TSTP