Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AWAZA FORUMY – ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞLERIŇ BEÝANY

    Şu gün...

  • HALK MASLAHATY DÖWLETLI TUTUMLARYŇ BADALGASY

    Golaýda...

  • HALK BÄHBITLI MÖHÜM IŞLER

    Şu...

  • DÖWLETLILIGIŇ WE JEBISLIGIŇ NUSGASY

    Şu...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - DÖWLETIMIZIŇ ÖSÜŞINIŇ, KUWWATYNYŇ GÖZBAŞY

    Ýakynda...

BMG-NIŇ AWAZA FORUMY: PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK TAGLYMATY DÜNÝÄ ÝAÝYLÝAR

Golaýda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň  Mary welaýat komiteti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Mary şäher Geňeşi bilen bilelikde  gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda  «BMG-niň Awaza forumy: parahatçylyk we ynanyşmak taglymaty dünýä ýaýylýar» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň mähriban Watanymyzy durmuş-ykdysady we medeni taýdan durnukly ösdürmäge gönükdirilen beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasaty ýeňişlere beslenýär. Döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamalarynyň üçüsi bilen ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanyp ýöredýän parasatly daşary syýasaty dünýä jemgyýetçiliginde uly goldawa eýe bolýar. Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar. Indi Türkmenistan halkara ähmiýetli maslahatlaryň we forumlaryň geçirilýän ýurduna öwrüldi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 4—8-nji awgusty aralygynda  «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän maslahat hem ýokarda aýtlanymyza şaýatlyk edýär. BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty ýokary derejede guramaçylykly geçirmäge ykjam taýýarlyk görüldi. Bu foruma dünýäniň

onlarça döwletlerinden wekiller gatnaşyp, ol şanly ýylymyzyň taryhy wakasy bolar.

Bu halkara forumy Türkmenistanyň dünýäniň döwletleri bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge täze mümkinçilikleri açar.

Goý, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri üstünliklere beslensin!

TSTP