Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

Sagdynlyk we ruhybelentlik - Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň ýaşlarynyň esasy ýörelgesi bolmalydyr

2021-nji  ýylyň  10-njy  aprelinde  Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda Türkmenabat şäheriniň derýaçylyk orta hünär okuw mekdebinde neşe serişdeleriniň, seri dumanladyjy maddalaryň bikanun dolanşygyna, kontrabandasyna we ulanylmagyna garşy hereket etmek boýunça döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek maksady bilen, “Sagdynlyk we ruhybelentlik - Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň ýaşlarynyň esasy ýörelgesi bolmalydyr” atly  wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe beýik özgertmeleriň, belent tutumlaryň, ajaýyp açyşlaryň täze eýýamyna öwrülen  häzirki  döwürde  Hormatly Prezidentimiziň atalyk aladasy bilen ähli ulgamlarda dünýä derjesindäki işler amala aşyrylýar. Eziz Arkadagymyzyň  “Döwlet adam üçindir”, “Sagdyn  durmuş  ýörelgesi biziň  baş wezipämiz bolmalydyr”   diýen dürdäne sözlerinden ugur alyp, ýaşlarmyzyň arasynda sporty, sagdyn durmuş ýörelgesini, halal işlemegi wagyz etdiler. Soňra halkymyzyň asuda, parahat ýaşamagy ugrunda uly alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutýan tutumly işleri rowaç bolmadyny arzuw etdiler.

TSTP