Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BMG-NIŇ AWAZA FORMY: PARLAMENTARA GATNAŞYKLARYŇ TÄZE GÖZÝETIMLERI

    Şu gün...

  • AWAZA FORUMY: DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BÄHBIDINE GEÇIRILÝÄN HALKARA HYZMATDAŞLYK

    Türkmenistanyň...

  • HAZAR DEŇZI – PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖZARA BÄHBITLI HYZMATDAŞLYGYŇ DEŇZI

    Golaýda...

  • AWAZA FORUMY – ATA WATANYMYZYŇ PARAHATÇYLYK TAGLYMATY

    Şu gün...

  • BMG-NIŇ AWAZA FORUMY: TÄZEÇE ŞERTLER, GIŇ MÜMKINÇILIKLER

    Şu gün...

OBA HOJALYGYNDA TELEKEÇI ZENANLARYŇ ORNY

Şu günler Watanymyzyň milli baýlygy bolan ak pagtany ýygnamak işi gyzgalaňly dowam edýär. Bu işde kärendeçi daýhanlara ýygymçy gelin-gyzlar ýakyndan ýardam berýärler. Şeýle hem kuwwatly, ýokary iş öndürijilikli kombaýnlaryň kömegi bilen meýdandaky hasyl ýygnalýar. Meýdanda işleriň gyzgalaňly alnyp barylmagy üçin zähmet bäsleşikleri yglan edilýär, meýdan düşelgelerinde dynç almak üçin aýdym sazlar, sergiler guralýar. Şeýle aladalar bilen hasyl ussatlarynyň armasy ýetirilýär.

Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň işgärleri Sakarçäge etrabynyň çäginde ýerleşýän pagta meýdanlarynda boldy. Bu ýerde pagtaçy kärendeçiler, ýygymçylar bilen oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işler, daýhanlara berilýän kömek-goldawlar dogrusynda gürrüň edildi. Tapawutlanyp zähmet çekýän ýygymçylara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Kärendeçi daýhanlar özleri hakynda atalyk aladasyny edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklaryny bildirdiler.

TSTP