Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AWAZA FORUMY – ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞLERIŇ BEÝANY

    Şu gün...

  • HALK MASLAHATY DÖWLETLI TUTUMLARYŇ BADALGASY

    Golaýda...

  • HALK BÄHBITLI MÖHÜM IŞLER

    Şu...

  • DÖWLETLILIGIŇ WE JEBISLIGIŇ NUSGASY

    Şu...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - DÖWLETIMIZIŇ ÖSÜŞINIŇ, KUWWATYNYŇ GÖZBAŞY

    Ýakynda...

Türkmenistan-sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy

2021-nji ýylyň 5-nji aprelinde   Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň  hem-de Lebap welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň bilelikde gurnamagynda, Türkmenabat şäheriniň 6-njy sport mekdebinde  Bütindünýä saglyk güni mynasybetli,  “Türkmenistan-sagdynlygyň we ruhybelentligiň ýurdy”  ady bilen stoluň üstünde oýnalýan tennis bounça oglanlaryň we gyzlaryň arasynda Lebap welaýatynyň birinjiligini almak ugryndaky  ýaryş geçirildi. Geçirilen bu ýaryşyň maksady we wezipeleri Hormatly Prezidentimiziň “Saglyk” maksatnamasyny durmuşa geçirmekden, ýurdumyzda sporty we beden terbiýäni ösdürmekden, türgenlerde Watana bolan söýgini döretmekden hem-de Lebap welaýatynda stoluň üstünde oýnalýan tennisi ösdürmekden ybaratdyr.

        Geçirilen bu sport çäresi örän gyzgalaňly bolup, ýaryşda ýeňiji bolan we baýrakly orunlary eýelän türgenler degişli diplomlar we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandy.

TSTP