Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASY BILEN STRATEGIK HYZMATDAŞLYK ÖSDÜRILÝÄR

    Ýakynda...

  • DUŞUŞYK GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • PARAHATÇYLYK WE DURNUKLYLYK — BITARAPLYGYŇ BAŞ ÝÖRELGESI

    Şu gün...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – PARAHATLYK WE DOST-DOGANLYK ÝÖRELGESI

    Şu gün...

  • ARKADAG ŞÄHERI MILLI LIDERIMIZIŇ KÄMIL BINAGÄRLIK ESERI

    Şu gün...

ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNINE BAGYŞLANDY

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň  Mary welaýat komiteti, Mary şäher häkimligi, Mary welaýat baş bilim müdirligi  bilen bilelikde gurnamagynda Mary şäherindäki «Ary» dynç alyş meýdançasynda baýramçylyk çäresi geçirildi. 

Baýramçylyk çäresi aýdym-sazlar we joşgunly tanslar bilen utgaşyp gitdi.  Bu baýramçylyk çäresinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda parahat, abadan ýurdumyzda gülüp, oýnap ýaşaýan çagajyklary şadyýanja sesleri ýaňlanyp baýramçylyk çäresiniň owazasyny has-da belende galdyrdy. 

Dabarada çagalara dürli görnüşli süýjülikler, sowgatlar gowşurylýar. Özleri hakynda edilýän aladalary çuňňur kalby bilen duýýan körpe nesiller hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.

TSTP