Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • GARAŞSYZLYK WE BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ ÖSÜŞIŇ HEM-DE ABADANÇYLYGYŇ MUKADDES BINÝADY

    Türkmenistanyň...

  • HALKYMYZYŇ ABADANÇYLYGY WE BAGTYÝAR DURMUŞY – DÖWLET SYÝASATYNYŇ BAŞ MAKSADY

    Türkmenistanyň...

  • DOSTLUKLY GATNAŞYKLARYŇ MIZEMEZLIGIŇ BERK BINÝADY

    Ýakynda...

  • ÝAŞLAR BIZIŇ GELJEGIMIZDIR

    Şu gün...

  • HALKYMYZYŇ ABADAN DURMUŞYNY ÜPJÜN ETMÄGE GÖNÜKDIRILEN GIŇ MÖÇBERLI ÖZGERTMELER

    Türkmenistanyň...

ŞAT ÇAGALAR BAGTYÝAR

Ýakynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komiteti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşi tarapyndan «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkezinde «Şat çagalar bagtyýar» atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Çagalary goramagyň halkara güni biziň ýurdumyzda giňden bellenilýär. Güneşli tomus paslynyň ilkinji gününde bu halkara baýramyň şanyna geçirilýän aýdym-sazly dabaralar, medeni jemgyýetçilik çäreleri türkmen halkymyzyň durmuşuna hem bagt nuruny çaýýan şadyýan körpelerimiziň kalbynda Garaşsyz Diýarymyzda gazanylan üstünliklere çäksiz buýsanç döreýär. Bu şanly gün mynasybetli, geçirilýän her bir çäreler baldan süýji balalara unudulmajak täsirleri, şatlyk duýgularyny peşgeş berdi. Aýdym-sazly baýramçylyk çäresiniň ahyrynda körpejeler Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz ýürek buýsançlaryny hem beýan etdiler.

TSTP