Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK TAGLYMATLARY DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

    Şu gün...

  • BITARAPLYK SYÝASATY WE ONUŇ DÜNÝÄ ÝURTLARYNYŇ ARASYNDA NUSGALYK ÝOLY

    Ýakynda...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – HOŞNIÝETLI GATNAŞYKLARYŇ BINÝADY

    Golaýda...

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Şu...

  • TELEKEÇILER ÝURDUMYZYŇ ALTYN GAZNASYDYR

    Şu gün...

DÖWLETLILIK NYŞANLARY MILLI BUÝSANJYMYZDYR

Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň  Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda «Röwşen» hususy kärhanasynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli  «Döwletlilik nyşanlary milli buýsanjymyzdyr» atly wagyz-nesihat duşuşygy  geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Esasy Kanunymyz we ýaşyl Baýdagymyz Watanymyzyň garaşsyzlyk hem-de bitaraplyk ýörelgelerini we halkymyzyň parahatçylyk, döredijilik, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik gatnaşyklaryna bolan üýtgewsiz ygrarlylygyny özünde jemleýär, milli ýörelgeler we umumadamzadyň ruhy gymmatlyklary bilen sazlaşyp, çuňňur many-mazmuna eýe bolýar.

Milli Konstitusiýamyzyň we Döwlet baýdagymyzyň saýasynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanymyz dünýä jemgyýetçiliginde mynasyp orny eýeleýär. Şeýle ajaýyp ýurdumyzda biziň nesillerimiz üçin bagtly geljege sary giň ýollar açylýar. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber aladalary netijesinde dost-doganlyk gatnaşyklary giňden ösdürilip, ýaşyl Tugumyz dünýäniň çar künjeginde buýsançly parlaýar. Türkmen tebigatynyň reňki siňen ýaşyl Tugumyz biziň milli   toý-baýramlarymyzyň, şanly senelerimiziň bezegi bolup, arassa asmanymyzda erkana parlaýar. Döwlet baýdagymyzyň ýaşyl reňkiniň taryhy kökleri geçmişimiziň çuňluklaryna sary uzaýar. Ýaşyl reňk türkmen halkynyň milli reňk öwüşginlerini arasynda uly sarpa goýulýan reňkleriniň biridir. Türkmen Tugy — ösüşli Diýarymyzyň, bagtyýar ilimiziň jebisliginiň, bitewiliginiň alamatydyr. Şonuň üçinem Döwlet baýdagymyz bagtyýar türkmen milletiniň buýsançly ykbaly, türkmeniň bakylygy, barlygy, bagtyýarlygy bolup, asuda Watanymyzyň depesinde Gün nuruna lowurdaýar. Çünki, bu mukaddeslik türkmen halkynyň arzuw-umydynyň, belent ruhunyň dabaralanmasydyr diýip aýtdylar.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP