Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASY BILEN STRATEGIK HYZMATDAŞLYK ÖSDÜRILÝÄR

    Ýakynda...

  • DUŞUŞYK GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • PARAHATÇYLYK WE DURNUKLYLYK — BITARAPLYGYŇ BAŞ ÝÖRELGESI

    Şu gün...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – PARAHATLYK WE DOST-DOGANLYK ÝÖRELGESI

    Şu gün...

  • ARKADAG ŞÄHERI MILLI LIDERIMIZIŇ KÄMIL BINAGÄRLIK ESERI

    Şu gün...

SPORT SAGDYNLYGA WE ÜSTÜNLIGE ÝOL

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimizde ýaşlaryň sporta bolan höwesini artdyrmak hem-de olary sporta çekmek maksady bilen ýurdumyzyň ähli künjeginde sport desgalary gurlup, ulanylmaga berilýär. Şeýle hem ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar yzygiderli geçirilýär. Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komiteti, Mary welaýat Bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi bilen bilelikde gurnamagynda Mary welaýatynyň ýygyndy toparynyň gatnaşmagynda sportuň Woleýbol görnüşi boýunça 2009-2010-njy ýyllarda doglan oglan-gyzlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiligi boýunça geçirilen ýaryşda ýeňiji bolan okuwçylar bilen duşuşyk geçirildi. 

Çekeleşikli we gyzgalaňly geçen ýaryşda öňdäki orunlara mynasyp bolan toparlara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komiteti tarapyndan höweslendiriji gowşuryldy.

Türkmenistan döwletimizi gülledip ösdürmekde, halkara abraýyny arşa götermekde, halkymyzyň bolelin, eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekde, türkmen sportuny ýokary derejelere çykarmakda amala aşyrýan ägirt uly işleri üçin Milli Liderimize, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tükeniksiz alkyşlar aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, başlary dik, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

TSTP