Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

AKYLDARYMYZA BAGYŞLANYLAN GYMMATLYK

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmeiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda   Hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly -  dünýäniň akyldary»  atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň watançylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, mertlik, agzybirlik, ula hormat, kiçä sarpa, ar-namyslylyk, rehimdarlyk ýaly gowy gylyklary ündeýän goşgulary halkyň içinde adamlaryň maslahatçysyna öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabynyň çapdan çykmagy hem halkymyza uly peşgeş boldy. Türkmeniň adyny belende göteren şahsyýetimiz, milli edebiýatymyzda öçmejek yz galdyran akyldar şahyr Magtymguly Pyragy barada ýazylan bu kitabyň üç dilde okyjylara ýetirilmegi onuň gymmatyny has-da artdyrýar.

Bu günki gün hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda akyldar şahyrymyzyň şygryýetini, döredijilik mirasyny düýpli öwrenmekde uly işler alnyp barylýar. Kitapda şahyryň edebi mirasynyň — parahatçylyk, hoşniýetli gatnaşyklar, halklaryň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygyň pugtalanmagy babatynda öwüt-ündew berýän goşgularynyň häzirki döwürde hem möhüm ähmiýete eýedigi nygtalýar. 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň aňrysynda hem ähli döwürler üçin mahsus bolan parahatçylyk, agzybirlik, birek-biregi sylamak, hormatlamak ýaly adamzada mahsus ýagşy häsiýetleri öňe süren beýik akyldaryň ynsanperwer pikir-garaýyşlarynyň durandygy ünsüňi özüne çekýär.

Hormatly Prezidentimiziň akyldar şahyra bagyşlap ýazan kitabyny «Magtymguly — dünýäniň akyldary» diýip atlandyrmagy hem şahyrymyzyň dünýä halklarynyň kalbynda öçmejek orun alandygynyň, şygyrlarynyň uly höwes, gyzyklanma bilen okalýandygynyň subutnamasydyr.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu kitaby biziň her birimiz üçin gymmatly gollanmadyr.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň asylly maksatlary myradyna gowşup, parahatçylyk, ynanyşmak, dost-doganlyk rowaçlansyn! Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

TSTP