Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

PARAHATLYK GELJEGE IŇ MUKADDES MIRASDYR

Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň we jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda «2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Parahatlyk geljege iň mukaddes mirasdyr» atly maslahat geçirildi.

Maslahatda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edilip Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyny we halkymyzyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, myhmansöýerlik däplerini ýer ýüzünde şöhratlandyrmak, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek maksady bilen hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda we bütin dünýämizde giň gerimli işler alyp barylýar. Watanymyzyň halkara derejesindäki abraý-mertebesi barha belende galdyryp, goňşy we dünýä döwletleri bilen hoşniýetli we dostlukly gatnaşyklar giň gerimde ösdürilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyplyklary kalplara ylham, joşgun berýär diýip bellediler.

Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda taýsyz tagallalary edýän Hormatly Prezidentimiz Gahryman Arkadagly Serdarymyza we Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, işleriniň mundan beýläk hem rowaç bolmagyny arzuwlap, alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

TSTP