Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AGZYBIRLIGIŇ WE DÖWLETLILIGIŇ AÝDYŇ BEÝANY

    Şu gün...

  • AGZYBIRLIGIŇ –– DÖWLETLILIGIŇ WE ROWAÇLYGYŇ GÖZBAŞY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY: ÝURDUMYZYŇ ÖSÜŞINE GÖNÜKDIRILEN TARYHY WAKA
    Şu gün...
  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY- HALKYMYZY GALKYNDYRÝAR
    Golaýda...
  • GARAŞSYZLYK GÜNI MILLI BAÝRAMLARYMYZYŇ NAÝBAŞYSYDYR
    Şu gün...

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

Golaýda Telekeçi Maýsa Anzarowanyň  önümçilik kärhanasynda «Halkara parahatçylygyň we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşiň bähbidine» atly wagyz-nesihat duşuşygy 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine bagyşlanyldy. 

Duşuşykda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiziň dünýäniň ençeme halklary bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary, hyzmatdaşlyklary ýola goýýandygy, bu gatnaşyklaryň özeniniň bolsa oňyn Bitaraplyk syýasatymyz netijesinde alnyp barylýandygy, adalatlylyk, deňhukuklylyk, birek-biregi goldamak, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk, parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak ýaly ynsanperwer ýörelgeleriň öňe sürülýändigi dogrusynda täsirli gürrüň etdiler.

Duşuşykda çykyş edenler türkmen halkymyzy parahat, asuda durmuşda, eşretli zamanada ýaşadýan, baky Bitarap ýurdumyzyň halkara abraýyny arşa göterýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP