Düýn Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komiteti tarapyndan Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehininden dörän «Hakyda göwheri» atly ajaýyp eseriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni guwandyryjy wakalara beslenip, halkymyzy zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Bu taryhy ýylda il-günümize ýapylýan sowgat-serpaýlar köňüllere ylham paýlaýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan döreýän ajaýyp kitaplaryň halkymyza peşgeş berilmegi türkmen edebiýatynyň sarpasyny has-da beýgeldýär. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygynyň toýunyň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyzyň neşir edilen «Taryhy syýahat» we «Ruhy miras» diýlip atlandyrylan iki bapdan ybarat «Hakyda göwheri» atly täze kitaby hem il-günümiz üçin toý sowgady boldy.
Çykyş edenler täze kitabyň gymmatly hazyna bolup, halkymyzyň, aýratynam, alymlaryň, ýaşlaryň ýan kitabyna öwrüljekdigini, şöhratly taryhymyzy, milli gymmatlyklarymyzy çuňňur beýan edýändigini, bu eseriň ýaşlar üçin terbiýeçilik ähmiýetiniň uludygyny öwran-öwran nygtadylar. Çykyşlaryň dowamynda gymmatly eserleri bilen halkymyzy yzygiderli begendirýän Gahryman Arkadagymyza, türkmen edebiýatyny arşa galdyrýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildiler.
TSTP