Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

BITARAPLYK SYÝASATY WE ONUŇ HALKARA PARAHATÇYLYGY, HOWPSUZLYGY WE DURNUKLY ÖSÜŞI ÜPJÜN ETMEKDE ÄHMIÝETI

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde ähmiýeti» atly dabaraly çäre geçirildi. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan halkara giňişliginde işjeň orny eýeleýär. Türkmenistan halkara gatnaşyklar ulgamynda bütin dünýäde parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek üçin dünýäniň köp döwletleri bilen iki taraplaýyn we köp ugurly hyzmatdaşlygy alyp barýar. Şeýle-de, ýurdumyz abraýly guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýär.

Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan halkymyz döwlet gurmakda, dolandyrmakda, içeri we daşary syýasaty alyp barmakda baý taryhy tejribesi bilen tapawutlanýar. Geçmişde-de türkmen halky goňşy döwletler bilen netijeli gatnaşygy saklapdyr. Türkmenistan Garaşsyzlygyny alan ilkinji günlerinden başlap, daşary syýasatyny parahatçylyksöýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, «açyk gapylar» syýasaty we beýleki döwletleriň içki işlerine goşulmazlyk, birek-birek bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek ýaly, halkara gatnaşyklarynda ykrar edilen binýatlyk ýörelgeler esasynda ýola goýdy.

Bitaraplyk, parahatçylyksöýüjilik, hyzmatdaşlyk üçin açyklyk biziň halkymyzyň uzak taryhynyň dowamynda kemala gelen milli aýratynlyklarymyzdan ugur alýar. Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda, Beýik Ýüpek ýolunyň Merkezinde ýerleşen Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygynyň bütinleý täze ýollaryny we ugurlaryny emele getirmekde dünýäniň döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak babatda gymmatly tejribe toplan döwletdigi bilen tapawutlanýar. Munuň özi türkmen halkynyň halkara abraýynyň ýokarlanýandygynyň subutnamasydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Ýurdumyzda we halkara giňişliginde amala aşyrýan beýik işleri mundan beýläk-de rowaç alsyn!

TSTP