Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komiteti tarapyndan Telekeçi A.Rejepowanyň «Gerçek» haryt nyşanly önümçilik kärhanasynda «Beýik başlangyçlar – parahatçylygyň we ösüşiň berk binýady» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işler hut gözümiziň alnynda durmuşymyza ornaşýar we kalbyňda Watanymyza bolan çäksiz söýgini oýarýar.
«Watanymyzyň mertebesi halkymyzyň mertebesidir» diýen jümläni durmuşa geçirmekde tutumly işleriň esasy ýörelgelerine öwren hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz dünýäniň döwletleri bilen parahatçylyk söýüjilige, agzybirlige, abadançylyga gönükdirilen hoşniýetli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny alyp barýar. Bu babatda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler sanardan kän.
1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda 185 döwletiň, şeýle hem 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň biragyzdan goldamagynda «Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýa iki gezek kabul edildi. Şonuň ýaly-da, bu seneler Milletler Bileleşiginiň taryhynda hem möhüm sahypa öwrüldi we 12-nji dekabr Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edildi.
Ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyzlyk eýýamynyň gelmegi halkymyzyň başyny göge ýetirdi, Bitaraplyk bolsa, köňül arzuwyny gülletdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz ylalaşygyň, parahatçylygyň we halklaryň arasyndaky dostlugyň merkezine öwrüldi. Türkmenistan döwletimiz beýleki döwletler bilen dostluk, birek-biregi hormatlamak, özara ýardam bermek esasynda gatnaşygyny ösdürýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy sebitde halkara hyzmatdaşlygynyň we goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösmegine itergi berdi.
Eşretli zamanada, bagtyýarlyk döwründe Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň saýasynda erkana we bolelin durmuşda bagtyýar ýaşaýan halkymyz batly gadamlar bilen belent sepgitleri nazarlap, has bagtyýar geljege ynamly barýar. Goý, mähriban we Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bu bagtyýar günlerimiz dowamat- dowam bolsun!
TSTP