Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komiteti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşi bilen bilelikde gurnamagynda talyp ýaşlarda watançylyk duýgularyny ösdürmek, milli däp dessurlarymyzy, ene-mamalarymyzdan miras galan el işlerine söýgi döretmek, maşgala mukaddesligini, edep terbiýe kadalaryny we Ogulabat käbämiziň amaly-haşam sungatyny wagyz-nesihat etmek maksady bilen «Millilik nesil terbiýesiniň özeni» atly düşündiriş-wagyz çäresi geçirildi.
Ýurdumyzda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, beden we ruhy taýdan kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ähli şertleriň döredilýändigi, ýaşlaryň özleri hakynda edilýän aladalary her ädimde duýup ýaşaýandygy barada buýsançly söhbet etdiler. Berkarar döwletimizde halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan asylly ýörelgelerine eýerip, mynasyp nesli kemala getirmek babatda alnyp barylýan işleriň ýaş nesilleriň kalbynda buýsanç duýgusyny oýaryp, olaryň ýagty ertirine ynam goşýandygy nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
TSTP