Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

ZÄHMET BAGTYŇ ÇEŞMESIDIR

Şu günler Watanymyzyň milli baýlygy bolan ak pagtany ýygnamak işi gyzgalaňly dowam edýär. Bu işde kärendeçi daýhanlara ýygymçy gelin-gyzlar ýakyndan ýardam berýärler. Şeýle hem kuwwatly, ýokary iş öndürijilikli kombaýnlaryň kömegi bilen meýdandaky hasyl ýygnalýar. Meýdanda işleriň gyzgalaňly alnyp barylmagy üçin zähmet bäsleşikleri yglan edilýär, meýdan düşelgelerinde dynç almak üçin aýdym sazlar, sergiler guralýar. Şeýle aladalar bilen hasyl ussatlarynyň armasy ýetirilýär.

Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň işgärleri Sakarçäge etrabynyň Gyzylgum geňeşliginiň çäginde ýerleşýän pagta meýdanlarynda boldy. Bu ýerde pagtaçy kärendeçiler, ýygymçylar bilen oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işler, daýhanlara berilýän kömek-goldawlar dogrusynda gürrüň edildi. Tapawutlanyp zähmet çekýän ýygymçylara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Kärendeçi daýhanlar özleri hakynda atalyk aladasyny edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklaryny bildirdiler.

TSTP