Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY – BAGTYÝAR GELJEGIŇ AÝDYŇ ÝOLY

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň, Marynyň Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň   gatnaşmagynda   Hydyr  Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde gelip çykýan wezipeleri wagyz-nesihat etmek maksady bilen «Türkmenistanyň Halk Maslahaty – bagtyýar geljegiň aýdyň ýoly» atly maslahat duşuşygy geçirildi. 

Ata-babalarymyzyň «Geňeşsiz iş bolmaz» diýen pendinden ugur alyp, döwleti dolandyrmakda, demokratik we adalatly jemgyýeti gurmakda toplanan köpasyrlyk milli tejribämize daýanyp, ýurdumyzyň geljekki ykbalyna dahylly möhüm wezipeleri çözmek, uzak möhletli döwür üçin täze strategiki maksatnamalary işläp taýýarlamak hem-de kabul etmek maksady bilen, 24-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu umumy milli forumyň barşynda döwlet we jemgyýetçilik-syýasy durmuşyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatda milli ykdysadyýetimizi tapgyrlaýyn ösdürmek barada birnäçe meseleleriň üstünde durlup geçildi we ykdysady ösüşleriň her biriniň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz adam başyna düşýän girdejiniň ýokary derejesini, ähli pudaklarda zähmet öndürijiliginiň ýokary bolmagyny, ykdysady özgertmeleriň işjeň depginini, özümizde öndürilýän önümleriň we harytlaryň dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmegi ykdysady ösüşleriň hem-de kuwwatly döwletiň esasy aýratynlyklarynyň hatarynda görkezdi. Şeýle-de, bu maslahatda jemgyýetimiziň ösüşiniň binýady bolan ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünde durlup geçildi. Bu bolsa, hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymatynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändigini görkezýär diýip aýtdylar. 

Maslahat Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri bilen jemlendi.

TSTP