Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • GARAŞSYZLYK WE BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ ÖSÜŞIŇ HEM-DE ABADANÇYLYGYŇ MUKADDES BINÝADY

    Türkmenistanyň...

  • HALKYMYZYŇ ABADANÇYLYGY WE BAGTYÝAR DURMUŞY – DÖWLET SYÝASATYNYŇ BAŞ MAKSADY

    Türkmenistanyň...

  • DOSTLUKLY GATNAŞYKLARYŇ MIZEMEZLIGIŇ BERK BINÝADY

    Ýakynda...

  • ÝAŞLAR BIZIŇ GELJEGIMIZDIR

    Şu gün...

  • HALKYMYZYŇ ABADAN DURMUŞYNY ÜPJÜN ETMÄGE GÖNÜKDIRILEN GIŇ MÖÇBERLI ÖZGERTMELER

    Türkmenistanyň...

ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ DÖWLETLILIK ÝOLY AK GELJEGE DOWAMAT

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komiteti tarapyndan Telekeçi B.Çaryýewiň «Ak çeşme» haryt nyşanly önümçilik kärhanasynda «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletlilik  ýoly ak geljege dowamat» atly maslahat duşuşygy geçirildi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda dünýäniň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň hataryna ynamly girýän Türkmenistan döwletimizde ýaş nesilleriň hak-hukuklary ygtybarly goralyp, mertebesiniň belent tutulýandygy, olaryň ýaşaýyş derejesini we durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur şertleriň döredilýändigini buýsanç bilen bellediler. Ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşi, olaryň jemgyýetimizde eýeleýän orny we ýurdumyzda «Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilişi baradaky täsirli çykyşlar çäräniň özboluşlylygyny has-da artdyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda ýaşlarymyzyň döwrebap bilim-terbiýe almaklary üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna çäksiz alkyş aýdyldy.

TSTP