Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI: TÄZE ÖSÜŞLERE BADALGA

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda Telekeçi B.Orazowyň önümçilik kärhanasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. 

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň häzirki günleri  taryhy wakalara beslenip, abadan ertirimize sarsmaz ynamy döredýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan ýeňişli ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýöredýän parasatly we öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatynyň rowaç alýandygynyň datly miwesidir. Ajap eýýamymyzda döwlet Baştutanymyzyň pähim-paýhasly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüş-özgerişleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Üstümizdäki ýylyň taryhy wakasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň dek düýn tamamlanan nobatdaky mejlisi döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm waka boldy. 

Bu ählumumy forum Garaşsyz döwletimiziň we raýatyň milli kanunçylyk ulgamyna esaslanýan gatnaşyklarynyň aňly-düşünjeli, döredijilikli, sazlaşykly bolmagy, hukuk kadalarynyň çäklerinde düzgünleşdirilmegi, şonuň bilen birlikde, onuň ahlak we umumadamzat gymmatlyklary bilen baýlaşdyrylmagy ýurdumyzyň ösüş-özgerişlerini häsiýetlendirýän alamatlaryň biri bolup durýar. 

Beýik Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda bolup geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli demokratiýamyzyň ajap eýýamymyzda-da giňden dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy. Mejlisde ýetilen sepgitlere jikme-jik seljerme berlip, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan çalt depginlerde we durnukly ösdürmegiň möhüm  wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Öňde durýan wajyp wezipeleri üstünlikli berjaý etmäge gönükdirilen oňyn çözgütler kabul edildi. 

Biz—syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bolup, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinden gelip çykýan wezipeleriň, çözgütleriň taryhy ähmiýetini ildeşlerimiziň arasynda wagyz-nesihat ederis. Goý, Watanymyzy ösüşleriň ak ýolundan barha öňe alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tutumlarynda üstünlikler ýaran bolsun!

TSTP