Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY – DÖWLETLILIGIŇ KÄMIL NUSGASY

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komiteti tarapyndan «Hojaly» hojalyk jemgyýetinde «Türkmenistanyň Halk Maslahaty – döwletliligiň kämil nusgasy» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Eziz Diýarymyzyň mähriban halkymyzyň abadançylygynyň, eşretli ertiriniň, bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen Gahryman Arkadagymyzyň: «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr!, Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen asylly, ynsanperwer ýörelgäniň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenendigini il-günümiziň bagtyýar ýaşaýşynda görmek bolýar. Hemmämize mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 20-nji iýulynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň kabul eden kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek bellenildi. Ýurdumyzyň durmuşynda taryhy waka boljak bu umumy milli forumy guramaçylykly geçirmegiň wezipeleri kesgitlenildi. Halkymyzyň arasynda «Maslahatly il myrada ýeter» pähim-parasada eýlenen jümleler bar. Türkmen halkynyň taryhy köklerine ser salanyňda halka sala salmak, il-gün bilen maslahatlaşmak, geňeş etmek türkmen halkynyň ganyna, aňyna ornandyr. Şol asylly ýörelgelere eýerilip, häzirki döwürde hem milli däplere laýyklykda halk bilen maslahatlaşmak ýörgünli däbe öwrüldi. Bu ynsanperwer ýörelgäniň dowam etdirilmegi, ösdürilmegi agzybirligiň, jebisligiň, birek-birege hormat goýmagyň nyşanydyr. 

Goý, eziz Watanymyzy ösüşlerden-ösüşlere, täze-täze ýeňişlere, halkymyzy eşretli ertire sary alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, başlary belent bolsun! Il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

TSTP