Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komiteti tarapyndan «Erkin miweçilik» hususy kärhanasynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty – döwlet Garaşsyzlygymyzyň, şöhratly üstünliklerimiziň binýady» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň wajyp wakalaryň ýyly bolýandygy guwandyrýar. Şol wakalaram döwletimiziň we jemgyýetimiziň durnukly we sazlaşykly ösüşine şaýatlyk edýär. Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda karary kabul edildi. şu karara laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda çagyrmak we ony Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirmek karar edildi. Bu möhüm waka gadymy halkymyzyň döwleti dolandyrmakda toplan köp asyrlyk tejribesine daýanyp, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň wajyp meseleleriniň çözülmeginde ilatyň giňden gatnaşýandygynyň aýdyň subutnamasy bolar. Türkmen halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaranyň nobatdaky mejlisi milli demokratik ýol-ýörelgelerimiziň dabaralanmasy bolmak bilen, gazanylan üstünliklere, ýetilen sepgitlere seljerme berler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli wajyp wezipeleriň kesgitleniljekdigi ýagşy umyt-arzuwlary, uly ynamy döredýär. Bu umumy milli forum raýat jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm waka bolar.
Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini ildeşlerimiziň, şol sanda hususy ulgamyň wekilleriniň arasynda wagyz-nesihat etmekde yhlasymyzy gaýgyrmaýarys. Berkarar Watanymyzy ösüşleriň röwşen ýolundan bedew bady bilen barha öňe alyp barýan, halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun!
TSTP