2024-nji ýylyň 24-nji iýulynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda Telekeçi B.Orazowyň önümçilik kärhanasynda “Türkmenistanyň Halk Maslahaty: halkyň bähbidine beýik işler” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwlet dolandyryşyny demokratiýalaşdyrmak, durnukly ösüşi üpjün edýän durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyrmak babatda netijeli işler alnyp barylýar.
Şu ýylyň 12-nji iýulynda bolan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini guramaçylykly geçirmek hakynda aýdanlary Diýarymyzda milli demokratiýanyň döwrebap röwüşde amala aşyrylýandygynyň güwäsidir. Onuň esasy maksady türkmen halkynyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanyp, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge ilatymyzyň ygtyýarly wekilleriniň gatnaşmagyny üpjün etmekdir. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde, üstünlikli geçirilmegine gönükdirilen resminamanyň kabul edilmegi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Milli Liderimiziň tagallalary netijesinde amala aşyrylýan özgertmeleriň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagy boýunça oňyn işleriň alnyp barylýandygyny aýdyň şöhlelendirýär. Kanunlarymyzyň döwrebap kämilleşmegine ýol-ýörelge görkezýän, ata Watanymyzy gülledip, halkymyzy agzybirlikde, ak ýollar bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barýan Hormatly Prezidentimize hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine alkyşlarymyz çäksizdir!
TSTP