Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Ýaşlar Watanymyzyň daýanjydyr

Mary welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň, Mary welaýat baş bilim müdirliginiň, Mary welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky baradaky Baş müdirliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalarynyň bilelikde gurnamagynda Mary welaýatynda şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen halkara ýaryşlarynda, mekdep okuwçylarynyň olimpiýadalarynda, talyp ýaşlaryň bäsleşiklerinde ýeňiji bolanlaryň, ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda zähmet çekip, Diýarymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşan ýaşlarymyzyň gatnaşmagynda  “Ýaşlar Watanymyzyň daýanjydyr” atly dabaraly maslahat geçirildi. 

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlarymyzyň  tehnologik ösüşlerden oňat baş çykarmagy üçin olara döwrebap hünärleri ele almaga, nazary bilimleri kämilleşdirmäge, amaly endiklerini ýokarlandyrmaga, sanly tehnologiýalary özleşdirmäge, täze ylmy taglymatlary, öňdebaryjy barlaglary, tehnologik tejribeleri we daşary ýurt dillerini öwrenmäge uly mümkinçilikler döredilýär. 

Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ugurlaryny öz içine alýan giň möçberli özgertmeler maksatnamalary yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şunda Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň geljegi, onuň ösüşiniň hem-de rowaçlygynyň binýady bolan ýaşlara möhüm üns berilýär.

Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşine, halkara derejedäki abraýynyň ýokarlanmagyna goşant goşmaga gyzyklanmasy ýokary bolan ýaşlaryň işjeň we jogapkärçilikli durmuş ýörelgesi olaryň özleri üçin döwlet tarapyndan edilýän alada mynasyp jogaby bolup durýar.  Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlar döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, ata-Watanymyzyň ösüş-özgerişlerine özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar. Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlar dürli ylmy we döredijilik bäsleşiklerine işjeň gatnaşýarlar.

Ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döredijilik hem-de sport bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.

TSTP