Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AGZYBIRLIGIŇ WE DÖWLETLILIGIŇ AÝDYŇ BEÝANY

    Şu gün...

  • AGZYBIRLIGIŇ –– DÖWLETLILIGIŇ WE ROWAÇLYGYŇ GÖZBAŞY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY: ÝURDUMYZYŇ ÖSÜŞINE GÖNÜKDIRILEN TARYHY WAKA
    Şu gün...
  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY- HALKYMYZY GALKYNDYRÝAR
    Golaýda...
  • GARAŞSYZLYK GÜNI MILLI BAÝRAMLARYMYZYŇ NAÝBAŞYSYDYR
    Şu gün...

Watan Gahrymanlaryna baky şöhrat

Watan Gahrymanlaryna baky şöhrat 2024-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komiteti tarapyndan welaýatyň çäginde ýaşaýan uruş weterany bilen 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňişiň 79 ýyllygy mynasybetli “Watan Gahrymanlaryna baky şöhrat” atly baýramçylyk duşuşygy geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk döredijilikli syýasaty, ýurdumyzyň häzirki gazanan uly üstünlikleri janyny aýaman mukaddes Ýeňşi ýakynlaşdyran ähli türkmen esgerlerine dikilen belent heýkeldir. Türkmen halky Gahryman diýen ada, ordendir medallara mynasyp bolan Watanymyzyň merdana goragçylaryny, ýanýoldaşyny söweşe ugradyp, yzynda ýalňyz galan zenanlary, eneleri we uýalary hiç haçan unutmaz. Olaryň tylda görkezen gahrymançylygy we edermenligi Ýeňiş gazanmak ugrundaky hereketlerinde uly ähmiýete eýe boldy we häzir Garaşsyz Watanymyzyň gazanan üstünlikleriniň goragynda durýan ýaşlar üçin nusga hem-de terbiýe mekdebi bolup hyzmat edýär. Ýeňiş güni – bu parahatçylyga, ynsanperwerlige we döredijilige bolan beýik gyzyklanmany äşgär edýän aýratyn senedir. Türkmen halky ýaş nesilleriň terbiýesinde möhüm orun eýeleýän bu baýramy has-da dabaralandyrýar. Ýaşuly nesil hakynda yzygiderli alada edýän, uruşa gatnaşanlaryň we olary maşgalalaryna hemişe üns berýändigi üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.

TSTP