Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Buýsançly taryhymyzyň beýany

2024-nji ýylyň 12-nji aprelinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komiteti tarapyndan “Datly şerbet” hususy kärhanasynda Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna peşgeş eden “Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly täze kitabynyň çapdan çykmagy il-günümizde guwanç duýgusyny döretdi. Jemgyýetimizde uly gyzyklanma döreden bu ajaýyp kitap ruhy gymmatlyklarymyzyň has-da baýlaşmagynda uly ähmiýete eýedir. Döwlet Baştutanymyzyň neşir edilen täze kitabynyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda türkmen halkyna özboluşly guwançly sowgat bolandygyny ýatlamalydyrys. Köp asyrlyk şan-şöhratly taryhly gadymy türkmen halky dünýä medeniýetiniň kemala gelmegine hem-de baýlaşmagyna saldamly goşant goşan halk. Güneşli Diýarymyzyň çar künjegindäki asyrlaryň şaýady bolan ýadygärlikler türkmeniň geçmişde-de baý medeniýeti, ösen ylymy bilen tapawutlanandygyna subutnamadyr. Döwlet Baştutanymyzyň “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly täze kitaby ajap zamanamyzda halkymyzyň milli mertebesiniň, belent buýsanjynyň gymmatly çeşmelerine öwrülen şöhratly taryhymyzyň, maddy we ruhy mirasymyzyň täsir galdyryjy beýany özüne çekýär. Bu ajaýyp kitabyň şan-şöhratly geçmişimizi öwrenmekde ähmiýeti örän uludyr. Täze kitabyň üstümizdäki ýylda Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çärelere badalga bermek dabarasynyň öňüsyrasynda neşir edilmegi onuň gymmatyny has-da artdyrdy. Ulus-ilimize şeýle ajaýyp, gymmatly eseri sowgat edendigi üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.

TSTP