Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AGZYBIRLIGIŇ WE DÖWLETLILIGIŇ AÝDYŇ BEÝANY

    Şu gün...

  • AGZYBIRLIGIŇ –– DÖWLETLILIGIŇ WE ROWAÇLYGYŇ GÖZBAŞY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY: ÝURDUMYZYŇ ÖSÜŞINE GÖNÜKDIRILEN TARYHY WAKA
    Şu gün...
  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY- HALKYMYZY GALKYNDYRÝAR
    Golaýda...
  • GARAŞSYZLYK GÜNI MILLI BAÝRAMLARYMYZYŇ NAÝBAŞYSYDYR
    Şu gün...

Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasy

2024-nji ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda Telekeçi B.Orazowyň önümçilik kärhanasynda “Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasy” atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşykda TSTP-niň welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri Maral Durdyýewa, “Ýaşyl ýaz” hojalyk jemgyýetinde hünärmeni Döwletgeldi Aşyýew çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga uly sarpa goýulýandygy, onuň goşgularynyň ýaş nesillerimiziň arasynda öwüt-ündew edilýändigi barada durup geçdiler.

TSTP