Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASY BILEN STRATEGIK HYZMATDAŞLYK ÖSDÜRILÝÄR

    Ýakynda...

  • DUŞUŞYK GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • PARAHATÇYLYK WE DURNUKLYLYK — BITARAPLYGYŇ BAŞ ÝÖRELGESI

    Şu gün...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – PARAHATLYK WE DOST-DOGANLYK ÝÖRELGESI

    Şu gün...

  • ARKADAG ŞÄHERI MILLI LIDERIMIZIŇ KÄMIL BINAGÄRLIK ESERI

    Şu gün...

Hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2024-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda  Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň mejlisler jaýynda Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna peşgeş beren “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. 

Çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitabynyň neşir edilmeginiň ýaşlar üçin bahasyna ýetip bolmajak sowgat bolandygy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baý many-mazmunly ilkinji kitaby watansöýüji, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde uly ähmiýete eýedigi, kitapda türkmen ýaşlarynyň dürli ugurlarda gazanan üstünlikleri, ýurdumyzda ýaş nesiller, şol sanda çagalar hakynda edilýän tagallalaryň aýdyňlygy bilen açylyp görkezilýändigi dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. 

Dabarada çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolup, alyp barýan işleriniň hemişe üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

TSTP