Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK TAGLYMATLARY DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

    Şu gün...

  • BITARAPLYK SYÝASATY WE ONUŇ DÜNÝÄ ÝURTLARYNYŇ ARASYNDA NUSGALYK ÝOLY

    Ýakynda...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – HOŞNIÝETLI GATNAŞYKLARYŇ BINÝADY

    Golaýda...

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Şu...

  • TELEKEÇILER ÝURDUMYZYŇ ALTYN GAZNASYDYR

    Şu gün...

Pyragyň arzuwlan zamany geldi

2024-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda “Ajap önüm” hojalyk jemgyýetinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýyly “Pähim – Paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atlandyrylmagy bilen baglylykda “Pyragyň arzuwlan zamany geldi” atly maslahat geçirildi. Çykyşlarda : Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban halkymyz 2024-nji ýyly göwünleri ganatlandyrýan, ylhamlary joşdurýan taryhy wakalar bilen garşylady. Şeýle taryhy wakalaryň biri hem üstümizdäki ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy boldy. 2023-nji ýylyň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen özgertmeleriň ýyly hökmünde taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylandygyny hem-de Täze ýyl 2024-nji ýylda öňde durýan wezipeler, Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna görülýän taýýarlyklar dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler. Maslahata gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

TSTP