Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda “Datly şerbet” hususy kärhanasynda Hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllyk baýramy mynasybetli “Bitaraplyk – parahatlyk baýdagy” atly maslahat duşuşygy geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň her bir güni uly ösüş-özgerişlere beslenýär. Bu ajaýyp wakalaryň gözli şaýady bolup, raýatlarymyzyň bagtyýarlygyny, asudalygyny, erkana durmuşyny görýäris. Halkymyz mukaddes Garaşsyzlygyna, hemişelik Bitaraplygyna eýe bolup, Milli Liderimiziň, Hormatly Prezidentimiziň saýasynda baky bagtyň gujagynda ýaşaýar. Bitaraplygyň nyşany hökmünde zeýtun baldajygy ýerleşdirilen Döwlet baýdagymyz bu gün ýaşaýşyň, ýaşlygyň, berkararlygyň hem-de gülläp ösüşiň ajaýyp beýany bolup parlaýar. Ol milletimiziň agzybirligini, erkinligini, hemişelik Bitaraplygyny dünýä ýaýýar. Bitaraplyk — munuň özi Türkmenistan döwletimiziň parahatçylygy goramaga we berkitmäge gönükdirilen daşary syýasatynda birek--birege bolan hormatyň, ynamyň, dost-doganlygyň, goňşuçylygyň, deňhukuklylygyň ýörelgeleri esasynda dünýäniň ähli döwletleri bilen hyzmatdaşlygyň esasy bolup çykyş edýär. Bitaraplyk — biziň halkymyzyň ýagşy niýet-päliniň, beýleki halklara hoşniýetli, ynsanperwer garaýşynyň, päk ýürekliliginiň şöhlelenmesidir. Türkmen halkynyň kalbynda egsilmez şatlyk eçilip, Türkmenistanyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan hemişelik Bitaraplygymyzyň binýady baky yrylmasyn! Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda toýlanyljak hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllygynyň toýy gutly bolsun! Günüň bagt güneşinden nur alýan halkymyzyň dost-doganlyk, parahatlyk aýdymy belentden ýaňlansyn! Şeýle eşretiň goýnunda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan döwlet syýasaty hemişe rowaçlyklara beslensin!
TSTP