Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

SPORT IŞEWÜRLIK HYZMATDAŞLYK

Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň be­ýik baş­lan­gyç­la­ryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň aladasy bilen ýur­du­myzda sport ul­ga­my­ny has-da kä­mil­leş­dirmek bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Tür­gen­le­ri­miz dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­da ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra ýa­ryş­larda üs­tün­lik­li çy­kyş edip, Wa­ta­ny­my­zyň sport ab­ra­ýy­ny art­dyr­ýar­lar. Di­ýa­ry­myzda hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki iri ýa­ryş­la­ryň, şol san­da dün­ýä çem­pio­nat­la­ry­nyň yzy­gi­der­li ge­çi­ril­me­gi jem­gy­ýe­ti­miz­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň ro­waç­lanma­gy­na ýar­dam ed­ýär. Dünýä tejribesiniň görkezişi ýaly, hususy işewürlik bilen hyzmatdaşlyk aýry-aýry türgenleriň hem, toparlaryň hem üstünlige ýetmeginiň möhüm şerti bolup durýar. Beýleki bir tarapdan seredeniňde, ýokary netijeleri gazanýan türgenler ýa-da toparlar, şeýle hem halkara ýaryşlar bilen hyzmatdaşlyk telekeçileriň öndürýän önümleriniň ýa-da ýerine ýetirýän hyzmatlarynyň meşhurlygynyň artmagyna, ýagny haryt nyşanynyň bazardaky ornuny berkitmegine öz täsirini ýetirip bilýär. Türkmenistanda hem işewürlik bilen sportuň arasyndaky hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Häzirki döwürde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň arasynda aýry-aýry türgenlere, toparlara we dürli derejedäki ýaryşlara hemaýatkärlik edýänleriň sany artýar. Ýurdumyzda guralýan iri ýaryşlaryň tejribesinde bu hakykat has aýdyň görünýär. Türkmen telekeçileriniň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty ýaly iri halkara ýaryşlarda üpjünçilik we guramaçylyk bilen bagly meselelerde işjeňlik görkezmek bilen, sport baýramçylyklarynyň üstünlikli geçirilmegine mynasyp goşantlaryny goşmaklary guwandyryjy ýagdaýdyr. Ak mermerli paýtagtymyzda uly ruhubelentlige beslenýän Kuraş boýunça dünýä çempionaty hem sport we işewürlik ulgamlarynyň netijeli hyzmatdaşlygynyň täze giňişligi bolar. Abraýly ýaryşyň resmi hyzmatdaşlarynyň hatarynda döwlet düzümleri bilen birlikde, bilelikdäki kärhanalaryň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň bolmagy bu hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ilerlejekdigine ynamymyzy artdyrýar. Hususyýetçilere ýaryşyň guralýan ýerinde we janköýerler üçin niýetlenen zolaklarda jemgyýetçilik iýmiti we söwda hyzmatlary bilen baglanyşykly guramaçylyk işleriniň ynanylmagy hem uly jogapkärçilikden nyşandyr. Watanymyzyň ähli ugurlar boýunça gülläp ösmegi, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarlanmagy ugrunda edýän uly tagallalary üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza hemde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza jan saglyk, uzak ömür dileýäris.

Be­genç­gel­di BAÝ­RAM­MY­RA­DOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary, Mejlisiň deputaty.

TSTP