Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň Düzmergen ýaýlasyndaky 2-nji bagçylyk hojalygy miweli baglaryň ençeme görnüşini ösdürip ýetişdirýär.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň häzirki günlerinde bu miweli baglardan bereketli hasyl ýygnalyp, içerki bazarlaryň sarp edijilerine yzygiderli ugradylýar. Bu sahawatly toprakda ýetişdirilýän baglar Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzasy Halmämmet Amanmämmedowa degişli. Türkmen halkynyň eşretli, bolelin durmuşda ýaşamagyna, öz topragymyzda ýetişdirilýän dürli önümler bilen ýylyň tutuş dowamynda ygtybarly üpjün edilmegine öz goşandyny goşmak — bu hojalygyň eýesi bolan işjanly telekeçiniň baş maksady. Hojalygyň 5 gektara barabar ýerinde garaly, ülje, alma, pisse, şetdaly, alça, hurma, armyt, erik ýaly miweli agaçlaryň dürli görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Miweli baglary ösdürip ýetişdirmekde telekeçi Taňryberdi Jepbarow hem yhlasly zähmet çekýär. Ol Etrek etrabynyň Gyzylbaýyr geňeşliginde 7 gektar ýeri özleşdirip, damjalaýyn suwaryş usulyny ornaşdyrmak arkaly üzümdir zeýtundan başlap, miweli baglaryň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirdi. Baglardan alynýan bol hasyl her ýyl içerki bazarlarymyzyň söwda nokatlaryna iberilýär. Halkymyzyň toý saçaklarynyň rysgal-bereketli bolmagyna mynasyp goşant goşmagy başarýan bu ussat telekeçiler Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygyna şirinden şeker önümleri öndürmek bilen, sowgatly barmagy maksat edinýärler.
Toýmämmet HAJYÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň başlygy.