Şöhratly taryhymyza altyn harplar bilen ýazylýan “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” her bir türkmenistanlynyň ykbalyna nur çaýýar. Hususan-da, türkmen ýaşlarynyň durmuşynda täze mümkinçilikleri açýan döwletli tutumlar döwür hakdaky söhbetleriň sözbaşyna öwrülýär. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” we beýleki maksatnamalaryň çäklerinde ata Watanymyzyň ykdysady kuwwaty barha ýokarlanýar. Raýatlarymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, täze iş orunlaryny döretmek, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak babatynda alnyp barylýan maksatnamalaýyn işler ýurdumyzyň ertirki eýeleri bolan bagtyýar ýaşlaryň ýagty geljegine gönükdirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: “Ösüşlerimiziň binýadyny berk tutmak, döwletimiziň geljegi bolan ýaşlary ak ýollara ugrukdyrmak baş maksadymyzdyr” diýen paýhasly sözleri ýaşlaryň yhlasyny, ynamyny, joşgunly zähmetini, gujur-gaýratyny Watan bilen baglanyşdyrmaga itergi berýär. Ýaşlaryň kalbynda dörän täze arzuwlaryny belent ynam bilen berkidip, rowaçly menzillere ruhlandyrýar.
Her bir täze başlangyçlarynda ýaşlara bil baglap, olaryň gujur-gaýratyna, aň-bilim kämilligine, halal zähmetine ýokary baha berýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen ýaşlarynyň bagtyýar ýaşaýşyna gönükdirilen işler ýaşlaryň hukuk resminamasy bolan “Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanuny esasynda kepillendirilendir. Häzirki döwürde ýaşlaryň döwletimiziň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklary, ylymly-bilimli, hünärli bolup ýetişmekleri, dünýä ylmyna çuňňur aralaşmaklary üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilýär. Şonuň netijesinde, maksada okgunly, ösen tehnologiýalara ussatlyk bilen erk etmegi başarýan, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden habarly, kämil ýaşlar, şeýle-de hususy başlangyçlary bilen ýurdumyzyň altyn gaznasy hasaplanylýan, döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagyna mynasyp goşant goşýan ýaş telekeçileriň nesli kemala gelýär.
Täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň parlamentiniň işini ösdürmek, milli kanunçylygymyzy halkara ölçeglerine laýyklykda yzygiderli kämilleşdirmek, jemgyýetimizde täze hukuk medeniýetini kemala getirmek, milli demokratiýany dabaralandyrmak, ata-babalarymyzdan miras galan döwletlilik ýörelgelerini mynasyp dowam etdirmek boýunça durmuşa geçirilýän işlerde syýasy taýdan taýýarlykly, paýhasly ýaşlarymyza Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz, tutuş halkymyz uly ynam bildirýär. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatynyň agzalarynyň düzüminiň aglaba böleginiň Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaşlaryň düzýändigi-de bu hakykatyň güwäsidir. Türkmen ýaşlary şeýle belent ynamy jogapkärçilik duýgusy, watançylyk borjy bilen ödemegi özleriniň baş maksady saýýarlar. Älem giňişliginde sagdynlygyň, ruhubelentligiň ýurdy, arzuwlaryň hasyl bolýan mekany hökmünde tanalýan Türkmenistan döwletimizde bagtyýar ýaşamak, okamak, döretmek, öz zehiniňi açyp görkezmek, halal zähmet çekmek bagtyna eýe bolan biz-ýaşlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürekden alkyş aýdýarys.
Tuwakgylyç Weliýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.