Milli Liderimiziň başlangyçlaryndan gözbaş alyp üstünlikli durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler Garaşsyz döwletimiziň durmuş-ykdysady we medeni taýdan depginli ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň düýpli ýokarlanmagynda belent sepgitlere ýetildi.
Şeýle oňyn özgertmeler döwlet Baştutanymyzyň goldamagynda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylda-da rowaç alýar. Munuň özi milli Liderimiziň ýöredýän oýlanyşykly içeri we daşary syýasatynyň parahatçylyk söýüjilikli ösüşli ýolunyň il-günümizi abadan geljege ynamly alyp barýandygyna şaýatlyk edýär. Ajap eýýamymyzyň beýleki ýyllarynda bolşy ýaly, belent sepgitkere beslenip dowam edýän ýylymyzda hem ata Watanymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmakdaky gadamlary batlanýar. Şanly ýylymyz hakynda gürrüň açyp, bu ýylyň taryhy wakalaryny ýatlaman bolmaz. Toý dabarasy dünýä dolan ak şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň baýramçylyk dabarasy alyslara aşdy. Indi bolsa her gün bizi buýsançly senä — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň uly toýuna ýakynlaşdyrýar. Il-günümiz bu senäni mynasyp sowgatly garşylamak maksady bilen tutanýerli zähmet çekýär. Şeýle döredijilikli zähmet bolsa ata Watanymyzyň mundan beýlägem gülläp ösmegine itergi berýär.
Täzegül JUMADURDYÝEWA. TSTP-niň welaýat komitetiniň başlygy.