Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

TÜRKMEN TELEKEÇILIGINIŇ AÝDYŇ ÝOLY

Telekeçilik Garaşsyzlyk ýyllary peýda bolup, bu günki günde ol müňlerçe işdeşlerimiziň kesp-kärini aňladýar. Hakyky telekeçi üçin bu kär ýeňil kär däl. Telekeçiniň aladasam, hysyrdysam ýetik bolup, ol hemişe ýöredýän işiniň telekeçiligini etmeli bolýar. Şol bir wagtda telekeçiligiň döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli ugurdygyny guwanç bilen ýatlamaga haklydyrys. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalaryndan gözbaş alyp, ösüş-özgerişli menzilleri ynamly külterleýän türkmen telekeçiligi bu gün Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde öndüriji güýç bolup öňe çykýar. Telekeçilerimiziň döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli işleri diňe bir ýurdumyzyň gülläp ösmegine saldamly goşant bolmak bilen çäklenmä, eýsem, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň düýpli özgermegine kuwwatly itergi berýär. Häzirki wagtda Mary welaýatynyň hususyýetçileri öz işleriniň möçberlerini giňeldip, islegli harytlaryň we önümleriň öndürilişini ýokarlandyrýarlar. Soňky wagtlarda oba hojalyk önümlerini öndürmek bilen meşgullanýan hususy önüm öndürijileriň bitirýän işlerem guwandyrýar. Olar uzak möhletleýin alan ýerlerinden pagtanyň, dänäniň, gant şugundyrynyň we beýleki oba hojalyk önümleriniň bol hasylyny ýetişdirýärler. Bu bolsa ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmegine saldamly goşantdyr. Şeýle oba ýerlerinde täze iş orunlarynyň döredilmegine bähbitli mümkinçiliklere ýol açýar. Şu belent sepgitler Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzda hususyýetçiligi ösdürmekdäki tagallalarynyň ýerine düşýändigine şaýatlyk edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Garaşsyz, Bitarap döwletimizde bazar ykdysadyýetiniň giňden ýaýbaňlandyrylmagyna, bazar gatnaşyklarynyň hil taýdan kämil ähmiýete berýär. Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen milli ykdysadyýetimiziň döwlete degişli bolmadyk çygrynyň – hususyýetçiligiň ösdürilmegine, kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldanylmagyna gönükdirilen tutumly işlere badalga berildi. Ýurdumyzyň telekeçilik ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýadynyň ösüşli döwrümiziň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilmeginde uly işler bitirildi. Şeýlelikde, ýurdumyzda telekeçiligiň çalt depginlerde ösdürilmegi ilatyň ýokary hilli harytlara we önümlere barha ösýän islegini has doly kanagatlandyrmakda guwançly netijeler gazanylýar. Aslynda, türkmen telekeçiligi hakynda gürrüň açylanda Gahryman Arkadagymyzyň “Telekeçiler ýurdumyzyň altyn gaznasydyr” diýen parasatly jümlesi ýadyňa düşýär. Arkadagly Serdarymyzyň berýän goldaw-ýardamyndan ruhlanýan Mary welaýatynyň işewür telekeçileriniň döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli tagallalaram guwandyrýar. Olar ilatyň islegli harytlaryny we önümlerini öndürmekde dürli hyzmatlary edip bermekde uly işleri bitirýärler. Harytlaryň bolçulygyny döretmekde uly işleri bitirýärler. Dürli önümleri we hatyrlary öndürmek, gurluşyk-gurnama işlerini etmek, oba hojalyk önümlerini köp mukdarda öndürmek bilen meşgullanýan hususy kärhanalaryň, hojalyk jemgyýetleriniň sany artyp, işleri barha rowaç alýar. Telekeçilerimiziň hususy işlerini talaba laýyk ýola goýmaklary daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň we önümleriň ýerini tutýan harytlaryň bolçulygyny döretmäge mümkinçilik berdi. Şol bir wagtda telekeçilerimiziň özleriniň hatyrlaryny we önümlerini daşary ýurtlara eksport etmekleri guwanç duýgusyny döredýär. Ýene bir bellemeli zat bolsa, hususyýetçiligiň ösdürilmegi täze-täze iş orunlaryny döredilmegine mümkinçilik berdi. Partiýamyzyň welaýat komitetiniň işgärleridir işjeň agzalary hormatly Prezidentimiziň telekeçiligi ösdürmäge gönükdirilen tutumly işlerini ilata düşündirmekde, olary wagyz etmekde degerli çäreleri geçirýärler. Telekeçileriň arasynda guramaçylykly ýola goýýan tagallalarymyz gowy netijesinem berýär. Ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň üstünliklerine goşant goşmak telekeçiler üçin uly bagtdyr. Şeýle bagtyýar zamanada özlerine halal zähmet çekip, halkymyzyň bolelin durmuşyna, ýurdumyzyň gülläp ösüşine goşant goşmak bagty miýesser eden türkmen telekeçileri Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.

Myratgeldi ANNAÖWEZOW. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary.