Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

SAGDYN JEMGYÝETIŇ BINÝADY

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdunyzda bedenterbiýe we sport täze derejä çykarylyp, bu ugurdaky milli kanunçylyk yzygiderli kämilleşdirilýär.

Bedenterbiýe we sport babatda döwlet syýasaty raýatlaryň durmuşynyň hilini gowulandyrmaga, sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge, häzirki zaman durmuş şertlerine uýgunlaşmaga ukyply, beden we ruhy taýdan kämil nesli terbiýelemäge, halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edýän türgenleri taýýarlamaga gönükdirilýär. Bu ugurda «Bedenterbiýe we sport hakynda», «Professional sport hakynda», «Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda», «Atçylyk we atly sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň, «Türkmenistanda 2021 — 2025- nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň kabul edilmegi möhüm ähmiýete eýedir.

Ýaş nesliň ýaramaz endiklerden daşda durmagy häzirki döwrüň derwaýys meseleleriniň biridir. Şu hakykatdan ugur alnyp, «Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň, «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025- nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň» kabul edilmeginiň gözbaşynda hem jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini has-da rowaçlandyrmak bilen baglanyşykly wezipeler durýar.

Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde yzygiderli guralýan köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň, ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda zähmet çekýän hünärmenleriň arasynda geçirilýän ýaryşlaryň ähmiýeti diýseň uludyr. Diýarymyzda halkara derejesindäki abraýly ýaryşlaryň yzygiderli geçirilmegi bolsa sporty we sagdyn durmuş ýörelgesini hemra edinýän ildeşlerimiziň hataryny has-da artdyrdy. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty ýaly iri ýaryşlary üstünlikli geçiren paýtagtymyz Aşgabat nobatdaky sport baýramçylyklaryny guramaga taýýarlyk görýär. Ýakynda hormatly Prezidentimiz şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabat şäherinde guraljak Kuraş boýunça dünýä çempionatyny ýokary derejede geçirmek bilen bagly guramaçylyk toparyny döretmek we onuň düzümini tassyklamak baradaky Karara gol çekdi. 2025-nji ýylda bolsa paýtagtymyz ýene bir abraýly ýaryşy — Sambo boýunça dünýä çempionatyny kabul eder.

Şeýle abraýly ýaryşlaryň guralmagy diňe bir ýurdumyzyň halkara giňişligindäki sport abraýyny artdyrmak, halklaryň arasynda dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty wagyz etmekde aýratyn ähmiýetli bolar. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekde, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak-da ildeşlerimize, aýratyn-da, ýaş nesle nusgalyk görelde görkezýän Arkadagly Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il -ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!

Begençgeldi BAÝRAMMYRADOW. TSTP-niň Ahal welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.