Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

NUSGALYK IŞLERIŇ GUWANJY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny uly üstünliklere besleýän türkmen halky hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda aýdyň ertirine barýar. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan çalt depginlerde ösdürmäge gönükdirilen tutumly işler il-günümiziň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli ýokarlandyrmakdaky taýsyz tagallalar bilen sazlaşykly utgaşýar.

Şanly ýylymyzyň taryhy wakalaram jemgyýetimiziň ösüş-özgerişli ýolunyň rowaçlanýandygyna şaýatlyk edýär. Şeýle wakalaryň birem golaýda gojaman Köpetdagyň eteginde gurluşygynyň birinji tapgyry tamamlanan Arkadag şäheriniň açylyş dabarasydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryndan gözbaş alyp, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda gurluşygy rowaç alan Arkadag şäheri göreni haýrana goýýar. 

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanymyzda “akylly” şäher aýratynlygy bilen uly meşhurlyga eýe bolan Arkadag şäheriniň gurluşygy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjynda giňden ýaýbaňlandyrylyp, Arkadag Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýär. 2019-njy ýylda gurluşygyna başlanan Arkadag şäheriniň gurluşygynyň birinji tapgyrynda bu ajaýyp şäherde göze gelüwli binalaryň we desgalaryň 336-sy gurlup, ulanmaga berildi. Şol ymaratlar we desgalar köp gatly ýaşaýyş jaýlaryndan, dolandyryş, bilim we saglygy goraýyş edaralarynyň, işewürler merkezleriniň jaýlaryndan ybaratdyr. Medeni-durmuş we inženerçilik maksatly binalardyr desgalaram täze şäheriň görküne görk goşýar. Arkadag şäheriniň ajaýyp binalaryny, desgalaryny, köçelerini synlanyňda olaryň gözel keşbi göwnüňi galkyndyryp, ata Watana guwanjyň goşalanýar. Ýene bir bellemeli zat bolsa, Arkadag şäheriniň keşbinde milli binagärligiň iň gowy däpleriniň häzirki zaman meýilleri bilen örän sazlaşykly utgaşanlygydyr. Gürrüňi edilýän täze şäheriň öňdebaryjy sanly, maglumat-aragatnaşyk, “ýaşyl” tehnologiýalara esaslanýan “akylly” şäheriň ajaýyp nusgasydygyny ýatlamak ýakymlydyr.

“Ýaşyl” tehnologiýalar dogrusynda gürrüň açylanda Arkadag şäheriniň ekologiýa taýdan arassa şäherdigini belläp geçmelidiris. Sebäbi, döwrebap şäheriň ilatynyň saglygyny goramaga gönükdirilen bu tagalla bilen bagly uly aladanyň göz öňünde tutulandygy kanagatlanma duýgusyny döredýär. Täze şäherde elektrobuslaryň, elektromobilleriň hereket etmegi şäheriň ekologiýa ýagdaýyna bähbitli täsirini ýetirjekdigi şübhelendirmeýär.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 29-njy iýunynda şan-şöhraty arşa çykýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak taryhy waka il-günümiziň kalbyna nur çaýdy. Şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda jenneti mekany ýadyňa salýan Arkadag şäheriniň açylyş dabarasynyň buýsançly ýaňy alyslara aşdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň aýdyň nyşany bolan bu döwrebap şäheriň açylyşynyň dabarasy gadymy türkmen topragynda sözüň doly manysynda baýramçylyk dabarasyna öwrüldi. 

Arkadag şäheri barada gürrüň edilende bu täze şäheriň kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan täsin şäherdigini ýatlaman bolmaz. Şu täze şäheriň gurluşygy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýik başlangyjy bilen giňden ýaýbaňlandyrylyp, şu günki günde hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýän düýpli özgertmeleriniň guwançly miwesidir.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýatdan çykmajak taryhy wakasynyň – Arkadag şäheriniň açylyş dabarasynyň buýsançly owazy halkymyzda ýagty geljege uly ynam döretdi. Dabarada ýaňlanan şirin aýdym-sazlaryň ýaňy abadan geljegine ynamly gadam urýan türkmen halkynyň döwletli döwranyna guwanç we buýsanç duýgusy bolup belentden ýaňlandy. Il-gününiň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda aladalanýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-gün bähbitli tutumly işleri rowaç alsyn!

Myratgeldi ANNAÖWEZOW. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary.