Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

Hususy pudagyň okgunly ösüşi

Hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly ykdysady syýasaty netijesinde, milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde uly üstünlikler gazanylýar, innowasion tehnologiýaly önümçilik kuwwatlyklary işe girizilip, sanly ykdysadyýetiň mümkinçiliklerinden peýdalanylýar. Milli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň biri bolan telekeçiligiň çalt depginlerde ösdürilmegi Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ykdysadyýetiniň okgunly ösmegine kuwwatly itergi berýär. Döwletimiziň döredip berýän mümkinçiliklerinden ruhlanýan hususyýetçileriň ýadawsyz zähmetleriniň netijesinde, daşary ýurtlardan getirilýän önümlerdir harytlaryň ornuny tutýan önümçilikler giň gerime eýe bolýar. Şol bir wagtda telekeçilerimiziň özleriniň önümlerini daşary ýurtlara eksport etmekde bitirýän işlerem guwandyrýar. Şeýle üstünlikleri gazanýan telekeçileriň Mary welaýatynda hem ýylsaýyn köpelýändigi bellärliklidir. Hususyýetçiligiň depginli ösüşiniň ýene bir bähbitli tarapy hem onuň iş orunlarynyň barha artmagyna goşant goşýandygydyr. Munuň özi halkymyzyň maddy hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Telekeçiler ýurdumyzyň altyn gaznasydyr» diýmek bilen, olara uly ynam bildirýär. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz telekeçilerimiziň alyp barýan giň gerimli işlerine guwanmaga haklydygymyzy nygtaýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzyň zähmetsöýer hususyýetçileri bolsa, özlerine bildirilýän uly ynamy ödemek üçin ähli tagallalary edýärler. Olaryň ýurdumyzda harytlaryň we önümleriň bolçulygyny döretmekdäki yhlas- tagallalary ýerine düşýär. Diýarymyzda telekeçilik çygrynyň kanunçylygyny döwrebaplaşdyrmakda-da degerli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda hereket edýän ýeňillikli salgyt ulgamy hususyýetçileri has öndürijilikli zähmete ruhlandyrýar. Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamakda alnyp barylýan işlerem hususyýetçiligiň Ösüşine kuwwatly itergi berýär. Telekeçileri täze sepgitlere ruhlandyrmakda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň alyp barýan işleri hem uly ähmiýete eýedir. 2012-nji ýylyň awgustynda döredilen partiýamyz tarapyndan juda gysga döwrüň içinde köp işler ýerine ýetirildi. Partiýamyzyň 6 müňden gowrak agza özüne birleşdirýän welaýat komitetiniň işgärleri we işjeň agzalary telekeçilerimizi Arkadagly Serdarymyzyň öňde goýýan giň möçberli wezipelerini, iri taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge ruhlandyrmak ugrunda netijeli işleri amala aşyrýarlar. Hususyýetçilerimiziň döwlet ähmiýetli, halk bähbitli tagallalarynyň gowy netijeleri bermegine goldaw- ýardam berýärler. Hormatly Prezidentimiziň parasatly içeri we daşary syýasatyny, halk bähbitli amala aşyrýan işlerini telekeçilerimiziň arasynda giňden wagyz- nesihat etmek wajyp wezipelerimiz bolup durýar. Biz şeýle wezipelerden ugur alyp, hususy pudaga degişli önümçilik kärhanalarynda zähmet çekýän ildeşlerimiz bilen düşündiriş we wagyz- nesihat çärelerini yzygiderli geçirýäris. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Watanymyz ösüş-özgerişleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Döwrümize bezeg berýän taryhy wakalaryň şaýady bolmak guwanjyňy goşalandyrýar. Abadan ertirimize uzaýan ak ýollarymyzyň rowaçlanmagyna goşant goşmak ählimizi täze sepgitlere ruhlandyrýar.

Täzegül JUMADURDYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygy.