Ata Watanymyzyň ýeten derejesine buýsanýan, zähmet söýer, ylymly-bilimli, ýurdumyzyň hemme taraplaýyn ösüşine mynasyp goşant goşýan kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny durmuşa geçirmegi üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini görkezýän bolsa, üstümizdäki ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýarýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy ýagty ertirlerimiziň eýelerine bildirilýän çäksiz ynamdan nyşandyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe telekeçilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň uly toparynyň bardygy bellärliklidir. Şunuň bilen baglylykda, döwrüň täze belentliklerini nazarlap, öňe barýan güneşli Diýarymyzda hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýaş telekeçilere goldaw bermek, ýaşlary durmuş taýdan goldamak ýaly işleriň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini nygtamak gerek. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde ýaşlar telekeçiligini goldamak şygrynda ýaşlaryň döwlet goldawynyň ugurlary kesgitlenendir. Olar ýaşlar telekeçiliginiň hukuk ýagdaýynyň we netijeli işlemeginiň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny kämilleşdirmekden, ýaşlar telekeçiliginiň kärhanalarynyň işini maddy-enjamlaýyn we maliýetaýdan goldamak boýunça döwlet çäreler ulgamyny döretmekden we durmuşa geçirmekden, ýaşlary telekeçilik işiniň şygryna çekmek üçin höweslendirmeler ulgamyny ösdürmekden, telekeçilik işiniň esaslaryny öwretmekde, esaslandyryjy resminamalary we täjirçilik maksatnamalaryny işläp taýýarlamakda telekeçi ýaşlara ýardam etmekden, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrýan we gaýtadan taýýarlaýan edaralaryň ulgamynda telekeçi ýaşlara ykdysady we dolandyryjylyk bilimini almakda guramaçylyk hem-de maliýe taýdan ýardam etmekden we beýlekilerden ybaratdyr. Goý, döwletli döwranymyzyň, baky bagtyýarlygymyzyň baş sakasynda durýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!
Tuwakgylyç WELIÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň syýasy we guramaçylyk işleri bölüminiň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.