Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

YHLASLY MYRADA ÝETER

Diýarymyzyň telekeçileri milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge aýratyn goşant goşýarar Şolaryň hatarynda balkanly işewürleriň netijeli zähmeti hem bellenilmäge mynasyp. Soňky ýylarda günbatar welaýatda hususy kärhanalar tarapyndan häzirki zaman ülňülerine doly laýyk gelýän orta mekdepleriň we çagalar baglarynyň, medeni, sport maksatly desgalaryň, senagat harytlaryny öndürýän kärhanalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň ençemesi açylyp ulanmaga berildi. Ýerli telekeçilerimiz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, sebitiň etrap merkezleridir şäherlerinde, obadyr şäherçelerinde gurulýan ymaratlaryň, düri maksatly desgalaryň, awtomobil ýollarynyň gurluşyklaryny amala aşyrmakda-da ussatlyklaryny görkezýärler. Iri gurluşyklaryň hatarynda söw- da-senagat merkezi, bekre balygyny we onuň işbilini ýetişdirýän hem-de balygy gaýtadan işleýän döwrebap kärhana-da bar. Sebitde ýokary hilli, ekologik taýdan arassa azyk önüm- lerini öndürmek, pagtany, bugdaýy, ir-iýmişleri, gök we bakja önümlerini ösdürip ýetişdirmek, olary gaýtadan işlemek bilen meşgullanýan telekeçi- ler hem az däl. Şunda olar her bir işde halallygy, ýokary hili ileri tutýarlar. Munuň özi işewürleriň abraýyny artdyryp, öndür- ýän önümleriniň bäsdeşlige ukyply bolmagyny şertlendirýär. Tutuş wela- ýat boýunça şu ýylyň geçen döwrün- de öndürilen senagat önümleriniň tas deň ýarysy, has takygy, 4 milliard 383 million manada golaýy döwlete de- gişli bolmadyk bölegiň paýyna düşýär. Mallardyr guşlaryň bolsa ählisi diýen ýaly şahsy eýeçilige degişlidir. Hasabat döwründe bölekleýin satuw haryt dolanyşygynda bitirilen işleriň 90 göterimden gowragy hususyýetçi- leriň paýyna düşýär. Arkadagly Serdarymyzyň telekeçi- ligi ösdürmäge berýän goldaw-hema- ýatlary partiýa agzalarymyzyň sany- nyň artmagyna, olaryň dürli ugurlar boýunça işjeňliginiň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Ilkinji guramala- rymyzyň 60-dan gowragy bolup, olar etrap-şäherlerde, welaýatda, tutuş ýurdumyzda amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli işlere işjeň gatnaşýarlar. Şu ýylyň galla oragy möwsüminde Senagatçylar we telekeçiler partiýa- synyň oba hojalyk pudagynda iş alyp barýan agzalary hem öwgä mynasyp işleri bitirmegiň hötdesinden geldiler. Welaýatdaky «Batly-Gadam» husu- sy kärhanasynyň, «Daýhan ädimi», «Dumanly dag», «Batly mülkdar», «Nusgawy meýdan» daýhan hoja- lyklarynyň azyklyk ak bugdaý ösdürip ýetişdiren ýerleriniň umumy meýda- ny 14,5 müň gektara ýetýär. Olaryň şu orak möwsüminde jemi alan bug- daý hasylynyň möçberi bolsa 30 müň tonna barabardyr. Munuň özi tutuş welaýat boýunça bellenilen meýilna- manyň üçden birinden hem köpdür. Etraplardaky daýhan birleşiklerinde ekerançylyk bilen meşgullanýan känrendeçi partiýa agzalarymyzyň sany hem 80-e ýetýär. Olaryň 70 göterimi döwlet tabşyrygy esasynda pagta- dyr bugdaý ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýan kärendeçilerdir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň orak möwsü- miniň gyzgalaňly günlerinde wela- ýatymyzyň Gyzylarbat etrabyna iş sapary bilen gelip, sebitleri durmuş- ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi hem-de galla oragynyň depgini bilen içgin tanyşmagy, şu ýyl azyklyk bug- daýyň bitginli hasylyny ösdürip ýetiş- diren «Batly-Gadam» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy bilen gürrüňdeş bolmagy olaryň orak möwsüminde gazanan üstünliklerine öz täsirini ýetirdi. Balkanly telekeçiler Watany- myzyň berkararlygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, bolelin durmuşynyň bähbidine tutanýerli işleri alyp barma- ga döredýän giň mümkinçilikleri üçin Arkadagly Serdarymyza alkyş aýdýarlar.

Toýmämmet HAJYÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň başlygy.