Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

BÄHBITLI TAGALLALAR ROWAÇLANÝAR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne uly ynam bilen gadam basan türkmen halky Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda abadan ertiriniň binýadyny berkden tutýar. Hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly ykdysady syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde uly üstünlikler gazanylýar.innowasion tehnologiýaly önümçilik kuwwatlyklary işe girizilip, sanly ykdysadyýetiň amatlyklaryndan peýdalanylmagynda tutumly işler bitirilýär Üstümizdäki – “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar: ýylynda-da döwlet Baştutanymyzyň telekeçiligi ösdürmäge gönükdirilen tagallalary rowaç alýar. Milli ykdysadyýetimiziň döwlete degişli bolmadyk çygrynyň – hususyýetçiligiň çalt depginlerde ösdürilmegi Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň ykdysadyýetiniň öňe gitmegine kuwwatly itergi berýär. Telekeçilerimiziň bähbitli tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýokary hilli harytlaryň we önümleriň bolçulygyny döretmekde bähbitli tagallalaryň bady artýar. Hususyýetçilerimiziň ýadawsyz aladalary bilen daşary ýurtlardan getirilýän önümlerdir harytlaryň önümçiligi giň gerime eýe bolýar. Şol bir wagtda telekeçilerimiziň özleriniň önümlerini daşary ýurtlara eksport etmekde bitirýän işlerem guwandyrýar. Şeýle bähbitli işleri ýol alýan telekeçileriň Mary welaýatymyzda ýylsaýyn köpelýändigi guwandyrýar. Hususyýetçiligiň depginli ösüşiniň ýene bir bähbitli tarapynam ýatlamalydyrys. Ol bolsa, güneşli Diýarymyzda iş orunlarynyň barha artýandygydyr. Bu ýagdaý il-günümiziň maddy hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Ýokardakylar dogrusynda gürrüň açanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň telekeçiler dogrusynda aýdan sözleri ýadyňa düşýär. Has takygyny aýtsak, Türkmen halkynyň Milli Lideri: “Telekeçilerimiz ýurdumyzyň altyn gaznasydyr” diýmek bilen olara uly ynam bildirýär. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz biziň öz milli telekeçilerimiziň alyp barýan giň gerimli işlerine guwanmaga haklydygymyzy nygtaýar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň bu aýdanynda türkmen telekeçilerine bildirilýän çäksiz ynamy, olaryň bitirýän döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli netijeli işlerine uly guwanjy duýmak bolýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzyň zähmetsöýer, aladaçyl hususyýetçileri bolsa, özlerine bildirilýän uly ynamy ödemek üçin ähli tagallalary edýärler. Olaryň ýurdumyzda harytlaryň we önümleriň bolçulygyny döretmekdäki yhlas-tagallalary ýerine düşýär. Uly we kiçi göwrümli gurluşyk-gurnama işleri bilen adygýan telekeçilerimiziň gazanýan üstünliklerem guwandyrýar. Dürli görnüşli hyzmatlary we işleri edip berýän hususyýetçilerimiziň il alkyşly işleri hoşallyk sözlerine mynasypdyr. Telekeçilik çygrynyň kanunçylygyny döwrebaplaşdyrmakda-da degerli işler geçirilýär. Ýurdumyzda hereket edýän ýeňillikli salgyt ulgamy hususyýetçileri has öndürijilikli zähmete ruhlandyrýar. Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamakda alnyp barylýan işlerem hususyýetçiligiň ösüşli ýoluna kuwwatly itergi berýär. Garaşsyz döwletimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän şu tutumly işler ösüş-özgerişli menzillerimiziň rowaçlanmagyna mümkinçilik berip, güneşli Diýarymyz jenneti mekana öwrülýär. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzyň telekeçilerini täze sepgitlere ruhlandyrmakda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýamyzyň alyp barýan işleri uly ähmiýete eýedir. Welaýat partiýa komitetimiziň işgärleri we işjeň agzalary telekeçilerimizi Arkadagly Serdarymyzyň öňde goýýan giň möçberli wezipelerini, iri taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge jemlemekde netijeli işleri geçirýärler. Hususyýetçilerimiziň döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli tagallalarynyň gowy netijeleri bermegine goldaw-ýardam berýäris. Hormatly Prezidentimiziň parasatly içeri we daşary syýasatyny, sagdyn durmuş ýörelgesini şeýle-de halkymyzyň taryhy edebi we medeni mirasyny telekeçilerimiziň arasynda giňden wagyz-nesihat etmek wajyp wezipelerimiz bolup durýar. Biz şeýle wezipelerden ugur alyp, hususyýetçilerimiz bilen düşündiriş we wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli geçirip durýarys. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda Watanymyz ösüş-özgerişleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda bolup geçýän taryhy wakalaryň şaýady bolmak guwanjyňy goşalandyrýar. Abadan ertirimize uzaýan ak ýollarymyzyň rowaçlanmagyna goşantly bolmak täze sepgitlere ruhlandyrýar. Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegine ýakyndan ýardam berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýärin! Il-ýurt bähbitli tutumlary mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!

Täzegül Jumadurdyýewa, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygy