Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz ýaşlar bara- daky döwlet syýasatyny ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda hemişe üns merkezinde saklaýar. Zehinli ýaşlar, ýaş maşgalalar, ýaş alymlar, ýaş hünärmenler we ýaş telekeçiler döwle- timiz tarapyndan aýratyn goldaw bilen gurşalýar. Ýurdumyzyň täze taryhy döwründe amala aşyiylýan durmuş-ykdysady özgertmelere täzeçillik, döwrebaplyk we innowasion häsiýetli ösüş depgini mahsusdyr. Şu jähetden hem, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiz we senagat puda- gy ösüşiň täze basgançagyna — innowasion ösüş tapgyryna gadam basdy. Netijede, ýurdumyzyň çäginde bazar gatnaşyklarynda bäsdeşlige ukyply ýagdaý emele geldi, telekeçilik işjeňligi ýüze çykdy, işewürligi guramagyň hem-de önümçiligi ýola goýmagyň häzirki zaman usullary kemala geldi. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňe sürlen we üstünlikli durmuşa geçirilýän ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmagyň strategiýasy ähli pudaklara iň täze tehnologiýalary hem-de öňdebaryjy dolandyryş usullaryny ornaşdyrmaga, bazar gatnaşyklaryna tapgyrma-tapgyr geçmäge, hususy telekeçiligi giňden goldamaga esaslanýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň döwlete dahylly bolmadyk pudagyna goldaw bermek baradaky paýhasly syýasatyň durmuşa geçirilmegi bilen, hususy telekeçiligiň ösdürilmegi, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan, ähli görkezijiler babatynda ýokary halkara ölçeglere laýyk gelýän we eksporta niýetlenen täzeçil usuldaky önümçilik işiniň kämilleşdirilmegi üçin hem giň mümkinçilikler döredilýär. Häzirki zaman şertlerinde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmekde jemgyýetiň her bir agzasynyň ukyp-başarnygyny netijeli ugrukdyrmakda hususy telekeçiligiň mümkinçiliklerini doly peýdalanmak arkaly ykdysadyýetiň sanly ulgama geçirilmegini, innowasion senagat önümçiliginiň döwrebap ösüşini gazanmak, hususan-da, ýaşlaryň intellektual ukybynyň ylym-bilime, döwrebap tehnologiýalaryň özleşdirilmegine gönükdirilmegi wajyp wezipeleriň hatarynda durýar. Çünki, Arkadagly Serdarymyzyň: «Ýaşlar jemgyýetiň iň işjeň bölegidir» diýip jaýdar belleýşi ýaly, Watan eýeleri bolan ýaşlaryň häzirki döwrüň talabyna laýyk, umumadamzat we milli gymmatlyklarymyzyň esasynda kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmegi eziz Diýarymyzyň gülläp ösüşleriniň röwşen kepilidir. Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 - 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň Meýilnamasynda ýaşlary telekeçilige höweslendirmek, goldamak maksady bilen, ýaşlaryň telekeçilik işine başlamagyny ýönekeýleşdirmek, çaltlaşdyrmak hem-de kiçi we orta telekeçilige degişli ýuridik şahslary döretmekde maýa goýmagy ýeňilleşdirmek hem-de te- lekeçileriň maliýe we tehnologiýa elýeterliligini giňeltmek boýunça kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek; telekeçilik bilen meşgullanmaga höwesli ýaşlary telekeçilige ugrukdyrmak, telekeçilik işinde sanly ulgam arkaly resminamalaryň ýöredilişini öwretmek, gysga möhletleýin tölegli maslahat okuwlaryny guramak we geçirmek ýaly çäreler üstünlikli amal edilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda hemişe üns merkezinde saklaýar. Zehinli ýaşlar, ýaş maşgalalar, ýaş alymlar, ýaş hünärmenler we ýaş telekeçiler döwletimiz tarapyndan aýratyn goldaw bilen gurşalýar. Bularyň ählisi, ýaşlaryň jemgyýetdäki durmuş-hukuk ýagdaýyny kesgitlemegiň wajyplygy, olaryň ýurduň ösüşinde strategik nukdaýnazardan ileri tutulýan adam maýasy hökmünde çykyş edýändikleri, jemgyýetiň ertirki innowasion ösüşini kesgitleýändikleri bilen baglanyşyklydyr. Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylyň 14-nji iýunynda döwlet ýaşlar syýasatynyň, bu ulgamda milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň ileri tutulýan meselelerine bagyşlanan maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlaryň arasynda telekeçiligi ösdürmegiň guralyny işläp taýýarlamak, telekeçiler tarapyn¬dan döredilen kärhanalarda işleýän işgärleriň 75 göterimi ýaşlar bolsa, onda olary «ýaşlar kärhanasy» diýip atlandyryp, şeýle kärhanalary döwlet tarapyndan goldamak boýunça ýeňillikleri göz öňünde tutmak ýaly öňe süren ajaýyp başlangyçlary türkmen ýaşlarynda uly buýsanç duýgusyny döretdi. Şol ýylyň 19-njy iýulynda hormatly Prezidentimiziň Karary bi¬len, Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň düýbüniň tutulmagy bolsa telekeçilik, işewürligiň dürli ugurlary bilen meşgullanmak isleýän ýaşlar üçin döredilen ägirt uly mümkinçilikdir. Sözümizi jemläp aýdanymyzda, döwlet tarapyndan degerli goldaw tapýan senagatçylaryň we telekeçileriň köpüsiniň ýaşlar bolmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Çünki ylymly-bilimli, giň gözýetimli, başarjaň we zehinli ýaşlar ýurduň hereketlendiriji güýjüdir. Bagtyýarlyk döwrüniň täzeçil ykdysady gadamlaryna ýaşlaryň telekeçilik işjeňliginiň mynasyp goşant goşmagy döwletimiz tarapyndan döredilýän ähli mümkinçilikleri neti¬jeli peýdalanmaklary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu bolsa, ýurdumyzyň kiçi we orta telekeçiliginiň, inno¬wasion ykdysady ösüşiniň binýadyny berkitmek bilen birlikde, ekologiýa kadalaryna laýyk gelýän haryt bolçulygyna, ýaşlaryň bazar gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagyna, innowasion başlangyçlary öňe sürmeklerine, ýurdumyzyň haryt dolanyşygynyň ýokarlanmagyna giň mümkinçilikleri açýar. Goý, ýurdumyzda ýaşlara kiçi we orta telekeçilik bilen meşgullanmakda döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag bolsun!
Setdar SETDAROW Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy. Çeşme Arkadagly ýaşlar žurnaly