Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

Beýik şahyry hormatlap!

Ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Magtymguly Pyraga we onuň döredijiligine uly hormat, sarpa goýulýar. Munuň şeýledigine Mermer şäherimiz Aşgabadyň eteginde gurulýan Magtymguly Pyragynyň uly heýkeli şaýatlyk edýär. Diýarymyzyň ähli künjeklerinde şahyryň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Ýakynda Gahryman Arkadagymyz Eýran Yslam Respublikasynda iş saparynda bolanda hem Beýik şahyrymyz dogrusynda giňişleýin gürrüň etdi. Magtymguly Pyragy ähli ömürleriň we döwürleriň şahyry bolmak bilen, onuň goşgulary dürli ýaşdaky adamlary hem biparh goýmaýar. Ähli döwürlerde-de söýülüp okalýar, okadyksaýy okasyň gelýär. Şahyryň öwüt-ündew beriji, Watançylyk temasynda ýazylan goşgulary ýaşlary watansöýüji, arassa ahlakly edip ýetişdirmekde uly ähmiýete eýedir. Magtymguly Pyragynyň taraşlap, şaglatgyl köňle geleniň, Senden soňkulara ýadygär bolar — diýip ýazan şahyryň döredijiligi gymmatly mirasdyr. Köňlündäki iň ýagşy sözleri şygra siňdirip bilmek uly ussatlykdan nyşandyr. Şonuň üçin hem akyldar şahyryň döredijiligini edebiýatçylar, dilçi alymlar ylmy esasda öwrenýärler. Bu günki güne çenli şahyryň edebi mirasy hakynda ençeme ylmy garaýyşlar beýan edildi, kitaplar çap edildi. Bu ylmy garaýyşlarda baý edebi mirasyň many-mazmuny, dil baýlyklary, nesil terbiýesindäki ähmiýeti aýratyn bellenilýär. Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda milli ruh, milli duýgular ynsanyň adamkärçilik häsiýetlerini kesgitleýär. Olarda mertlik, watançylyk, ar-namyslylyk, kalby päklik, tebigata we janly-jandarlara söýgi, rehim-şepagat bilen garaýyş, ula-kiçä hormat goýmak, wepadarlyk, hoşniýetlilik, mylaýymlyk, pähim-parasatlylyk, salykatlylyk, ynsanperwerlik ýaly häsiýetler beýan edilýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde watançylyk hakyndaky pikirler halkyň milli ýörelgesi bilen berk baglanyşdyrylýar. Bu pikirler Watana bolan beýik we synmaz söýgini özünde jemleýär. Jeýhun bilen bahry Hazar arasy, Çöl üstünden öser ýeli türkmeniň, Gül-gunçasy, gara gözüm garasy, Gara dagdan iner sili türkmeniň. Akyldar şahyryň şeýle setirleriniň özi hem watan söýüjilik hakyndaky pikirleriň, Watana bolan söýginiň nusgasyny beýan edýär. Arkadagly Serdarymyzyň bimöçber aladasy bilen ýurdumyzda ýaşlary sagdyn, ylymly-bilimli, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan edip ýetişdirmekde uly aladalar edilýär. Täze okuw jaýlary gurlup, täze mümkinçilikler döredilýär. Ata-babalarymyzdan, ene-mamalarymyzdan miras galan milliligimize esaslanyp, nesil terbiýesine uly üns berilýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň agzybir işgärleri hem ýurdumyzda geçirilýän syýasat, jemgyýetçilik işlerinde çetde durmaýar. Ýurdumyzyň abadançylygyny, ösüşini, üstünliklerini wasp edýän çäreleri, şu üstümizdäki ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýyly diýlip atlandyrmagy mynasybetli çäreleri, wagyz-nesihat işlerini hususy kärhanalarda, hojalyk jemgyýetlerde, daýhan hojalyklarynda, telekeçileriň, ýaşlaryň arasynda yzygiderli geçirilýär. Esasan hem welaýatymyzyň orta hünär mekdeplerinde okaýan ýaşlaryň arasynda geçirilýän Beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan çäreler örän täsirli bolýar. Bu çärelerde okuwyndan daşary döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar çykyş edip, şahyryň goşgularyny uly höwes bilen okaýandyklaryny, ýatlaýandyklaryny uly buýsanç bilen aýdýarlar. Biz hem öz gezegimizde şeýle çäreleriň, duşuşyklaryň gerimini giňeldip jan aýaman zähmet çekeris. Bagtyýar halkymyzyň abadan ýaşamagy ugrunda uly alada edýän, Akyldar şahyrymyza hormat, sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň, janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri rowaç bolsun!

Leýla Rejepowa, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.