Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

Ynsanyň saglygy – döwletiň baş baýlygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, bu ugurda halkara guramalar bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda giň gerimli çäreler amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň güneşli Diýarymyzyň keremli topragynda ösýän ösümlikleriň ynsan saglygyna peýdaly melhemlik häsiýetleri barada giňişleýin maglumat berýän “Türkmenistan — melhemler mekany”, “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”, “Çaý — melhem hem ylham” atly kitaplary diňe bir lukmanlaryň ýan kitaplary bolman, eýsem, halk köpçüligi üçin hem gymmatly gollanmalara öwrüldi. Bu ajaýyp kitaplar ata-babalarymyzyň asyrlar boýy kämilleşdirip, türkmen milli gymmatlygyna öwrülen halk lukmançylygyny, tebigy melhemler babatdaky garaýyşlaryny dünýä ýaýdy. Çünki Türkmenistanyň ösümlik dünýäsi iňňän baýlygy bilen tapawutlanypdyr we ol müňýyllyklaryň dowamynda birnäçe dertlerdir keselleri bejermekde melhemlik serişde bolup hyzmat edipdir. Türkmen tebigaty bolsa dermanlyk ösümliklere örän baýdyr. Diýarymyzda peýdaly ösümlikler, diýseň kändir. Başga ýerler bilen deňeşdirilende türkmen tebigatynda hiç bir zat bilen çalşyp bolmajak köp sanly dermanlyk ösümlikler ösýär. Häzirki zaman lukmançylyk tejribesi ösümliklerden alynýan derman serişdelerini ulanmakdan çetde durup bilmez. Biziň döwletimizde türkmen halk lukmançylygynda peýdalanylýan dermanlyk ösümlikleri hemmetaraplaýyn ygtybarly öwrenmäge giň ýol açyldy. Bellemeli zatlaryň ýene biri hem, Türkmenistanyň uzak möhlete niýetlenen toplumlaýyn “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, Aşgabat şäherinde, welaýat merkezlerinde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň talaplaryna hem-de halkara ölçeglere laýyk gelýän häzirki zaman, döwrebap, ýöriteleşdirilen keselleri anyklaýyş-bejeriş merkezleri, hassahanalar, şypahanalar guruldy. Her etrapda, şäherdir obalarda täze lukmançylyk edaralary gurlup, saglygy goraýşyň milli nusgasy döredildi. Lukmançylyk ylymlary düýpli ösdürilip, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýelemek babatda uly ösüş gazanyldy. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, röwşen geljegimiz bolan çagalar baradaky alada halkymyzyň ynsanperwer kadalaryna hem-de halkara talaplara laýyklykda ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar. Bagtyýar çagalygyň Watany hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda ýaş nesli watansöýüjilik, ynsanperwerlik, dostluk ruhunda terbiýelemek barada hossarlyk alada edilýär. Çagalaryň beden, aň-bilim, ruhy, ahlak we durmuş taýdan ösüşiniň üpjün edilmegine uly ähmiýet berilýär. Eneligi we çagalygy goramak “Saglyk” Döwlet maksatnamasynda kesgitlenilen möhüm ugur bolup durýar. Ata-babalarymyzyň asylly däplerinden ugur alnyp, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Bu gaznanyň ştab-kwartirasy Arkadag şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde ýerleşdirildi. Mälim bolşy ýaly, gaznanyň serişdeleriniň hasabyna howandarlyga mätäç çagalaryň köpüsiniň saglygy dikeldildi, biz bu işleri geljekde-de dowam etdireris diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri mejlisde aýtdy. Gahryman Arkadagymyz islendik işde ýaşululara sala salýar. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanynda Ýaşulular geňeşiniň döredilmegi we onuň düzgünnamasynyň tassyklanylmagy hem ýurdumyzda döwletli tutumlar tutulanda, ýaşulularyň pähim-pendine uly ornuň degişlidiginiň aýdyň subutnamasydyr. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda adam saglygy hakyndaky şeýle aladalaryň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Ballyýew Guwanç, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň umumy bölüminiň maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni