Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Diýarymyz beýik ösüş-özgertmeler ýoly bilen barha öňe barýar. Dünýäniň ösen döwletleriniň birine öwrülýän, her güni taryha altyn harplar bilen ýazylýan beýik döwletimiz günsaýyn ösüşlere beslenýär. Bedew bady bilen özgerýän diýarymyzda her-bir Türkmenistanlynyň sagdyn bedenli, sagdyn aň düşünjeli, sport taýdan kämil bolmaklary ugrunda uly aladalar edilýär. Ýurdumyzda bedenterbiýäniň we sportuň ösmegine uly ähmiýet berilýär. Şu nukdaýnazardan Türkmenistanda Sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda welosiped sportunyň hem täze ösüşe eýe bolýandygyny nygtamak zerurdyr. Ýurdumyzda il-ýurt bähbitli edilen uly özgertmeleriň netijelerine ser salsak, Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy esasynda 2018-nji ýylyň aprel aýynda BMG-niň Baş Assambleýasy Bütindünýä welosiped gününiň döredilmegi hakyndaky Rezolýusiýasyny kabul etdi we Türkmenistan döwletimiz onuň başyny başlaýjy bolup çykyş etdi. Mermer paýtagtymyzyň görkine görk goşup duran Olimpiýa şäherjiginiň toplumyna girýän dünýä standartlaryna laýyk gelýän häzirki zaman ýapyk welodromyň gurulmagy, welosiped sportunyň 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda Paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilmegi hem ýurdumyzda sportuň bu ugry boýunça ýetilen uly sepgitleriň we üstünlikleriň nyşanydyr. Halkyň Milli Lideriniň başlangyjy boýunça ýurdumyzda köpçülikleýin welosipetli ýörişler yzygiderli geçirilýär, bu bolsa, sportuň bu görnüşiniň muşdaklarynyň we janköýerleriniň sanynyň artmagyna getirýär. Ekologiýa üçin zyýansyz bolmak bilen welosipetli sport dünýä derejesinde uly meşhurlyga eýe bolýar. Indi bolsa ýurtlaryň hem-de halklaryň ählisini birleşdirýän täze baýramçylyk peýda boldy. Bu bolsa biziň ýurdumyzyň global ösüşine, sagaldyş hereketine hem-de durnukly ösüş maksatlarynyň gazanylmagyna ýene-de bir ähmiýetli goşandy bolup durýandyr. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmegi tutuş dünýä boýunça, şol bir hatarda abadan diýarymyzda hem welosporty sazlaşykly ösdürmäge oňyn mümkinçilikleri döredýär. Welosiped sürmek bedeniň taplanmagyna, ýürek-damar ulgamynyň kadaly işlemegine we gan basyşynyň durnukly saklanmagyna, şeýle-de bogunlaryň işjeňligine ýaramly täsir etmek bilen, ekologiýa birjik-de zyýan ýetirmeýär. Hormatly Prezidentimiziň köpçülikleýin bedenterbiýä we sporta, aýratyn-da, welosiped sporty bilen meşgullanmakda bize nusgalyk göreldediginiň aýdyň netijesidir. Halkyň saglygy, ýurduň abadanlygy ugrunda şeýle uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza çäksiz sagbolsun aýdýarys. Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň döwrebap terbiýe, tejribe almagy, sagdyn we ruhubelent nesliň kemala gelmegi barada yzygiderli alada edýän, ýurdumyzy bedew bady bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Zerhal Narmamedowa, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň başlygy