“Ösüş biziň alyp barýan syýasatymyzyň baş maksadydyr” diýip nygtaýan Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda täze taryhy eýýamda gurmak döretmek we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatda iňňän uly işler alnyp barylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň döwletlilik binýadynyň berkemegine, ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, Watanymyzy mundan beýläkde beýik ösüşlere ýetirmäge gönükdirilen uzakmöhletleýin iri maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Arkadagly Serdarymyzyň pähim-paýhasa esaslanýan içeri we daşary syýasatynyň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işlere, ajaýyp özgertmelere, eziz diýarymyzyň her gününi bezeýän ajaýyp wakalara halkymyz tüýs ýürekden guwanýar hem-de buýsanýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen merdana ata-babalarymyzyň şöhrada beslän mukaddes taryhy topragynda gurulýan sebitde deňi taýy bolmadyk akylly şäher adyny alan bu şäher ýurdumyzyň Garaşsyzlyk sene ýazgysyna täze ajaýyp sahypa bolup girýär. Häzirki wagtda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda gurluşygy dowam etdirilýän döwrebap şäheriň binagärlik keşbinde Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşi, ýaşaýyş durmuş üpjünçiliginiň guralyşynda milli mirasymyz ruhy gymmatlyklarymyz, halkymyzyň köp asyrlyk baý taryhy we medeni däpleri öz beýanyny tapýar. Berkarar döwletiň ösüşiniň täze tapgyrynda mähriban watanymyzy syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösdürmekde ýurdumyzda binagärlik we şähergurluşyk işini ýokary derejelere ýetirmekde, ýaşamak üçin has oňaýly şertler döredilen döwrebap obalary, şäherçeleri gurmakda, durmuşymyzyň ähli ugurlaryna sanly ulgamy, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmakda, sebitleri hemmetaraplaýyn we gyradeň ösdürmekde, her bir raýatyň abadan durmuşyny üpjün etmekde amala aşyrylýan işler Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaşaýan raýatlardan gelip gowuşýan ýüztutmalarda mizemez türkmen döwletiniň berkarar bolmagynda Gahryman Arkadagymyzyň bitiren hyzmatlaryna beýik sarpa, çäksiz guwanç, buýsanç beýan edilýär. Hut şu nukdaýnazardan täze sebitde deňi taýy bolmadyk ajaýyp şähere “Arkadag” adynyň dakylmagy ähli halkymyz bilen bir hatarda bagtyýar ýaşlaryň hem şatlygyny has-da artdyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de şäher gurluşygy we binagärlik sungaty babatdaky ýiti zehini bilen döwrebap şäherde häzirki zaman talaplaryna laýyk enjamlaşdyrylan bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralary we beýleki binalar gurlup ulanylmaga beriler. Bu ýerdäki möhüm desgalaryň mynasyp atlandyrylmagy bolsa, esasy wakalaryň biridir. Merkezdäki Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebine meşhur seýis, ussat atşynas, şan-şöhrady dünýä dolan ajaýyp ahalteke bedewleriniň ugurbaşy nesillerini döreden halypa seýis Aba Annaýewiň adynyň dakylmagy we “Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy” diýip atlandyrylmagy, mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebine zähmetsöýer we zehinli mugallym, watançy edermen esger, ilhalar ynsan, ynsanperwerlik we adalatlylyk ugrunda gaýduwsyz göreşiji Berdimuhammet Annaýewiň adynyň dakylmagy we “Berdimuhammet Annaýew adyndaky Arkadag şäheriniň mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi” diýip atlandyrylmagy, lukmançylyk orta hünär okuw mekdebine tanymal şahsyýet, birnäçe döwlet sylaglarynyň eýesi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Saçly Dursunowyň adynyň dakylmagy we “Saçly Dursunow adyndaky Arkadag şäheriniň lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi” diýlip atlandyrylmagy, Ahal atçylyk sirkine batyrlygyň, mertligiň nusgasy hökmünde taryha giren, türkmen halkynyň milli gahrymany Göroglynyň adynyň dakylmagy we “ Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki” diýip atlandyrylmagy, Arkadag şäheriniň merkezi kitaphanasyna türkmen halkynyň nusgawy akyldar şahyry, ynsanperwerlik, agzybirlik, adalatlylyk, parahatçylyk ýörelgelerini, nesillere ahlak gözelliginiň kämil nusgasyny miras galdyran, meşhur “Wagzy-Azat” eserini döreden Döwletmämmet Azadynyň adynyň dakylmagy we “Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäheriniň kitaphanasy” diýip atlandyrylmagy, drama teatryna türkmen teatr sungatynyň düýbüni tutujylaryň biri, meşhur artist, režissiýor hem dramaturg, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Aman Gulmämmedowyň adynyň dakylmagy we “Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky Döwlet drama teatry” diýip atlandyrylmagy, täze şäheriň ýörite sungat mekdebiniň “Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäheriniň ýörite sungat mekdebi” diýlip atlandyrylmagy, çagalar sungat mekdebine hem Şükür bagşynyň adynyň dakylmagy ýurdumyzda halypalara goýulýan belent sarpadan nyşandyr. Arkadag şäheriniň tutuşlygyna “akylly” şäher konsepsiýasyndan ugur alnyp bina edilen desgalardan ybarat bolup, ekologik talaplar esasynda gurulýar. Bu ýerde “smart-siti” döwrebap şäher gurluşyk ýörelgesine laýyklykda, ekologik taýdan arassa elektrobuslardyr elektromobiller hereket eder. Tutuşlygyna alnanda, Arkadag şäheriniň sebitde ilkinji “akylly” şäher bolar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiz görlüp eşidilmedik durmuş-ykdysady ösüşleri gazanýar. Arkadagly Serdarymyzyň Watanymyzyň we halkymyzyň abadançylygy baradaky ýadawsyz aladalary, Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir” diýen baş ýörelgesi esasynda amala aşyrylýan iri möçberli ösüş maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyz düýpli özgerýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar, ýurdumyzyň binagärlik keşbi özgerip, gözel görke gelýär. Hormatly Prezidentimiziň döwletimizi we jemgyýetimizi hemme taraplaýyn sazlaşykly ösdürmek ugrunda alyp barýan döwlet syýasatynyň esasyny düzýän “Watan diňe halky bilen Watandyr!” diýen paýhasly ýörelgesi esasynda mähriban halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna şeýle giň gerimli işler barha rowaçlyklara eýe bolýar.
Maksat Meredow, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy