Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

BAKY BAGTYÝARLYGYŇ JOŞGUNY

Ýene-de sanlyja günden Türkmenistan mukaddes Garaşsyzlygyň şanly 29 ýyllygyny baýram eder. Köklerini müňýyllyklardan alyp gaýdýan türkmen taryhynda görlüp-eşidilmedik öwrülişik eden 29 ýyl! Ol deňsiz-taýsyz ösüş-özgerişlerden, beýik üstünliklerden doly. Bu döwür içinde ýetilen belent sepgitler, ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda gazanylan ösüşler, halkyň ýaşaýyş-durmuşyndaky eşretler birin-birin sanardan juda köp. Görkana Diýar, gözel paýtagt, owadan oba-kentler, bolelin durmuş, asuda asman — ynha, mukaddes Garaşsyzlygyň halkymyza beren peşgeşi, baky bagty. Hoş habarlar kalby­ňy joşdurýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her güni, her aýy hoş habarlara, şatlykly wakalara beslenen. Garaşsyzlyk toýunyň öň ýanynda milli Liderimiziň ajaýyp eserini — «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyny sowgat bermegi-de halkymyzyň toý şatlygyny goşalandyran hoş habardyr. Täze eseri okap, halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan taryhy ýoluna ýene-de bir gezek ser salýarys. Ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgeleriniň gadyr-gymmatyna has çuň­ňur düşünýäris. Ol ýol-ýörelgelerde ylym-bilim, saglyk, zähmetsöýerlik bar. Türkmen myhmansöýerligi, dosta wepalylyk, ynsanperwerlik hem agzybirlik bar. Hormatly Prezidentimiz döwlet baştutanlygyna saýlanan ilkinji günlerinden şu nusgalyk ýoly saýlap aldy, döwletlilik ýörelgesini ugur edindi. Pederlerimizden nusga bolup galan asylly ýörelgeleriň biri-de halka ge­ňeşmek, maslahat etmek däbidir. Hormatly Prezidentimiz bu ýörelgäniň mynasyp dowam etdirilmegini gazanýar, her bir asylly başlangyçlaryny, belent tutumly işlerini halkymyz bilen maslahatlaşykly alyp barýar. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilýän Halk Maslahatlarynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny öň­küden-de gowulandyrmak babatda wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar, degişli çözgütler, taryhy kararlar kabul edilýär. «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýlişi ýaly, halk köpçüligine ge­ňeşilip edilen işler hem oňyn netijeleriň gazanylmagyna, belent sepgitlere ýetilmegine, milli ykdysadyýetimiziň görlüp-eşidilmedik derejede ösüp, ýurduň bütinleý özgermegine getirýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda geçirilýän mejlisi aýratyn ähmiýetli bolup, taryhy ýylyň senenamasynda möhüm orun eýelär. Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň gün tertibinde Esasy Kanunymyza üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek baradaky mesele ara alnyp maslahatlaşylar. Çünki bagtyýarlyk döwrümizde milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen jemgyýetiniň ähli ulgamlarynda bolup geçýän düýpli özgertmeler, gazanylýan beýik ösüşler milli kanunçylygyň kämilleşmegi esasynda amala aşyrylýar. Ýurtda bolup geçýän özgertmeler kanunçylyk taýdan berkidilmegini, ilkinji nobatda bolsa, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda beýan edilmegini talap edýär. Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgesinden gözbaş alýan bu konstitusion özgertmeler kanunçylyk namalarymyzyň zamanabap bolmagyny hem-de olaryň döwrüň ösen talaplaryny doly kanagatlandyrmagyny üpjün edýär. Şu nukdaýnazardan hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2019-njy ýylyň 25- nji sentýabrynda geçirilen mejlisinde ýurdumyzda konstitusion özgertmeleriň täze tapgyryna badalga berildi. Amala aşyrylýan özgertmeleriň baş maksady hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adama, onuň bähbitlerine hyzmat etjek häkimiýetiň wekilçilikli edaralarynyň, ýagny Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň işini kämilleşdirmekden, şeýle hem kanunçykaryjylyk işini amala aşyrýan edaralaryň iki palataly gurluşy döretmekden, demokratik institutlaryň işini has ýokary derejelere çykarmakdan ybaratdyr. Bu babatda, Esasy Kanunymyza üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen baglanyşykly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion topar döredildi. Iş toparynyň meýilnamasyna laýyklykda, halk köpçüliginden, raýatlardan gelip gowşan köp sanly teklipleri hem nazara almak bilen, «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky» Konstitusion kanunyň taslamasy taýýarlanyldy. Ýakynda Konstitusion toparyň dördünji mejlisi geçirilip, onda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny­ň taslamasyny makullamak Halk Maslahatyna hödürlemek hakynda» Konstitusion toparyň kararyna gol çekmegi halkymyzda uly buýsanç duýgusyny döretdi. Mukaddes topragymyzda bolup geçýän özgertmeler, toý-baýramly günler göwünlere ganat baglap, durmuşymyza aýratyn many-mazmun çaýýar. Milli ykdysadyýetde gazanylýan oňyn netijeler paýtagt şäherimiziň dünýäni haýran edýän gözel keşbini, welaýat merkezleriniň gün-günden gözelleşmegini, täze şäherleriň, obalaryň döremegini, halkymyzyň döwrebap durmuşda bolelin ýaşaýşyny üpjün edýär. Elbetde, munuň özi, ilkinji nobatda, ak ýürek bilen çekilýän zähmete bagly. Hormatly Prezidentimiz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze kitabynyň «Zähmetsöýerlik — gaýratlylygyň gözbaşy» atly bölüminde «Zähmetde gözellik bar. Zähmet — Rehnet — Bagt» diýip belleýär. Bu gün halkymyz döwlet Baştutanymyzyň döredip beren amatly şertlerinden, giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, yhlasly zähmet çekip, medeni-durmuş maksatly ajaýyp binalary, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny, halkara derejedäki ýollary, köprüleri, iri önümçilik toplumlaryny gurýar, deň­siz-taýsyz gözellikleri döredýär, ýokary hilli, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürip, ak bazarlarymyzy ekologiýa taýdan arassa önümlerimiz bilen baýlaşdyrýar. Gözellikleriň döremeginde, halkymyzyň bolelin durmuşynyň üpjün edilmeginde Garaşsyzlyk ýyllarynda uly ösüşlere eýe bolan ýurdumyzyň hususy pudagynyň hem mynasyp zähmet paýy bar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen, türkmen telekeçileri bu gün dünýä nusgalyk asylly işleri, innowasion ösüşleri bilen tanalýar. Ministrler Kabinetiniň ýaňy-ýakynda bolup geçen sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde şu ýylyň sekiz aýynda Hökümetiň alyp baran işleriniň jemleri jemlenende hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça ýanwar — awgust aýlarynda senagat önümlerini öndürmegiň ösüşiniň 110,8 göterime, oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişiniň ösüşiniň 127,7 göterime barabar bolandygy türkmen telekeçileriniň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk toýuna mynasyp zähmet sowgatly barýandyklaryny alamatlandyrýar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty. - S.Owganow