Ata Watanymyzy dünýäniň durnukly ösýän döwletleriniň birine öwürmekde gazanylýan üstünliklerde, ýetilýän belent sepgitlerde ýurdumyzyň hususy işewürleriniň, telekeçileriniň mynasyp paýy bar. Munuň özi Arkadag Prezidentimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesinde durmuşymyzyň ähli ulgamlaryny gurşap alan giň gerimli özgertmeleriň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň hususy bölegini hemmetaraplaýyn goldamagyň aýratyn ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy bilen berk baglanyşyklydyr. Ýurdumyza öňdebaryjy bazar usullaryny giňden ornaşdyrmak bilen, hususy pudagyň ykdysadyýetimizde tutýan paýyny artdyrmak mähriban Prezidentimiziň durmuş-ykdysady özgertmelerinde möhüm orny eýeleýär. Döredilýän giň mümkinçiliklerden, berilýän goldaw-hemaýatlardan netijeli peýdalanmak bilen, içerki bazary ýurdumyzda öndürilýän önümler bilen bolelin üpjün etmekde, döwletimiziň eksport kuwwatyny artdyrmakda, köpugurly ösüş arkaly milli ykdysadyýetimiziň binýadyny pugtalandyrmakda telekeçileriň eýeleýän sepgitleri guwandyryjydyr. Olaryň gazan ýan üstünlikleri içerki sarp edijileriň isleglerini kanagatlandyrmak bilen birlikde, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň dünýä bazarlarynda öz mynasyp ornuny tapyp, hususy pudagyň daşary ýurtlara önüm ibermek mümkinçiliginiň has-da artýandygyna doly şaýatlyk edýär. Balkanabat şäheriniň çäginde ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Giň dere» hususy kärhanasy hem şolaryň biridir. Kärhanada 29 adam zähmet çekýär we ýene-de iş orunlaryny köpeltmäge mümkinçilikler döredilýär. Kärhana Eýran Yslam Respublikasynyň ýokary hilli enjamlary we öňdebaryjy tehnologiýalary bilen üpjün edilendir. «Giň dere» hususy kärhanasy eksport ugurly önümleriň mukdaryny artdyryp, ýerli çig malyň esasynda olaryň görnüşlerini artdyrýar. Kärhanada aýda 69 müň inedördül metr ýumşak basyrgylyk, suwdan goraýjy rulon mineral materiallary (izogam) öndürilip, içerki bazarda sarp edijilere elýeter bahadan ýetirilýär. Kärhananyň önümleri ýurdumyzda gurulýan binalaryň gurluşygynda giňden ulanylýar. Bu ýerde öndürilýän önümleri daşary döwletlere eksport etmeklik hem meýilleşdirilýär. Goý, ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmek, ýokary hilli önümleri öndürmek üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!
Toýmämmet HAJYÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň başlygy.