Şu ýylyň 20-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Maslahatlar merkeziniň binasynda Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Taryhy mejlisde Milli Liderimiz bu ýokary wekilçilikli edaranyň işiniň esasy ugurlaryny kesgitledi, şeýle-de ýerine ýetiriji häkimiýeti özgertmek, döwlet dolandyryş ulgamynyň işini düzgünleşdirmek we onuň netijeliligini ýokarlandyrmak barada garaýyşlaryny beýan etdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwleti we jemgyýeti mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak, raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny giňeltmek, ýokary aň-düşünjeli, beden taýdan sagdyn şahsyýetleri kemala getirmek babatda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Şeýle özgertmeler Arkadagly Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ylmy-tejribe taýdan esaslandyrylan taglymatynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Döwrümiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer ýörelgesi bilen berk sazlaşykly bu taglymat täze eýýamyň milli ideologiýasynyň özenini düzýär we halkymyzy beýik üstünliklere ruhlandyrýar. Ýurdumyzda raýat jemgyýeti ählitaraplaýyn ösdürilýär, halk häkimiýetliliginiň täze institutlary döredilýär we kämilleşdirilýär. Mejlisiň gün tertibinden görnüşi ýaly, halkyň bähbitlerinden ugur alýan ýokary wekilçilikli edaranyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döwletimizde, jemgyýetimizde tutýan orny örän uludyr. Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek we strategik taýdan özgertmek, türkmen jemgyýetinde agzybirligi, jebisligi, ruhubelentligi, geljege bolan beýik ynamy has-da pugtalandyrmak Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlarydyr. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işini kadaly alyp barmak üçin onuň Prezidiumynyň — Halk Maslahatyna hasabat berýän, hemişelik hereket edýän kollegial edaranyň döredilmegi, onuň düzüminiň kesgitlenilmegi aýratyn ähmiýetli wakadyr. Bellenilişi ýaly, Prezidium Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerine taýýarlyk görmek boýunça işi guramak, Halk Maslahatynyň mejlisleriniň gün tertibiniň taslamasyna meseleleri girizmek hakynda çözgütleri kabul etmek, Halk Maslahaty tarapyndan başga çözgüt kabul edilmese, onuň nobatdaky mejlisiniň geçiriljek senesini, wagtyny we ýerini kesgitlemek, Halk Maslahatyny çagyrmak, geçirmek bilen bagly hem-de öz ygtyýarlyklaryna degişli beýleki meseleleri çözmek işini alyp barar. Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň gün tertibindäki aýry-aýry kanunlaryň taslamalary boýunça garaýyşlaryny beýan etmek we makullamak, zerur bolan halatynda, Türkmenistanyň Halk Maslahatyna iş toparlaryny döretmek hakynda teklipleri girizmek, iş toparlarynyň işiniň meseleleri boýunça habarlary diňlemek, Halk Maslahaty tarapyndan öz ygtyýarlygyna degişli edilen beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrmak ýaly işler bilen meşgullanar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda: «Döwletimiziň bähbidi halkymyzyň bähbididir. Häzirki döwürde mähriban halkymyz baradaky hemmetaraplaýyn alada biziň döwletimiziň alyp barýan durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar» diýip belledi. Halk bilen döwletiň arasyndaky esasy köpri hasaplanýan Halk Maslahatynyň işi «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde möhüm orun eýeleýär. Maksatnamada hususyýetçileriň ýurdumyzyň täze ykdysady ugrunyň hereketlendiriji güýjüne öwrülendigi bellenilýär. Hususy eýeçilige daýanyp ösýän edara görnüşli taraplaryň müňlerçesi, şahsy taraplaryň on müňlerçesi durmuş ähmiýetli taslamalary üstünlikli amala aşyryp, milli ykdysadyýetimiziň ösmegine, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna saldamly goşant goşýarlar. Halk köpçüligi döwlet özgertmelerini durmuşa geçirmäge, durmuş-ykdysady maksatnamalary amala aşyrmaga giňden çekilýär. Gahryman Arkadagymyzyň: «Döwrüň talaplaryndan, täze ykdysady şertlerden ugur alyp, geljegimiz hakynda pikirlenmek we her bir işe döredijilikli çemeleşmek möhümdir. Agzybirlik we maksada okgunlylyk bilen hereket etmek ösüşleriň ýoly bilen öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň her bir raýatynyň jana-jan wezipesidir» diýen sargydyny ýörelge edinýän türkmen telekeçileri ösüşiň, galkynyşyň gözbaşy bolan durmuş-ykdysady özgertmelere işjeň gatnaşýarlar. Arkadagly Serdarymyzyň belleýşi ýaly, senagatçylarymyz we telekeçilerimiz, işewürlik bilen bir hatarda, döwletimiziň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda hem işjeňlik görkezýärler. Olaryň alyp barýan işleri döwlet syýasatyny goldamaga, geçirilýän özgertmeleriň netijeliligini artdyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilendir. Milli Liderimiz telekeçiligi goldamak, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň möçberini, içerki bazarlarda azyk bolçulygyny artdyrmak, täze önümçilikleri we iş orunlaryny döretmek, ilaty ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek ýaly çäreleriň Halk Maslahatynyň işinde esasy üns berilmeli ugurlardygyny belledi. Döwletimiziň ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzalaryna aýratyn orun degişlidir. Olar bazar gatnaşyklarynyň şertlerine we döwrebap özgertmelere laýyklykda, telekeçilere berilýän döwlet goldawlaryna, bu ugurda öňe sürülýän täze başlangyçlara buýsanýarlar. Il-ýurt ähmiýetli işleri döwlet häkimiýetiniň esasy wezipeleriniň biri hökmünde öňe sürüp, beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli başlangyçlary, dünýä nusgalyk işleri hemişe rowaç bolsun!
Saparmyrat OWGANOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.