Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

Telekeçiligiň orny artýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasaty Watanymyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň eşretli durmuşyna gönükdirilendir. Şol syýasatyň ileri tutulýan ugurlary—kiçi we orta işewürlige hemmetaraplaýyn goldaw bermek iş ýüzünde beýanyny tapýar. Hususy eýeçiligi ösdürmegiň çäklerinde ykdysadyýetimizi toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri giňeltmek, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmak, ähli ulgamlara öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak boýunça wezipelere üstünlikli amal edilýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhuna mynasyp işleri bitirmekde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komiteti hem saldamly goşant goşýar. Welaýatymyzdaky hususy kärhanalarda we telekeçileriň arasynda ýygy-ýygydan duşuşyklar, çäreler geçirilýär. Şolarda Gahryman Arkadagymyza hoşallyk sözleri aýdylýar.

Ýurdumyzda bolşy ýaly, welaýatymyzda hem hususyýetçiler milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda: senagatda, gurluşykda, oba hojalygynda, azyk önümlerini öndürmekde tutanýerli işleýärler. Ähli pudaklarda bazar ykdysadyýeti ynamly ornaşdyrylýan häzirki döwürde türkmen telekeçilerine, hususyýetçilerine aýratyn uly ynam bildirilýär, olaryň netijeli işleri amala aşyrmaklaryna ählitaraplaýyn, kämil kanunçylyga daýanýan giň mümkinçilikler döredilýär. Muňa hususy kärhanalarda alnyp barylýan döwrebap işler hem güwä geçýär. Döwlet eýeçiligine degişli däl ulgamda öndürilýän önümler, taýýarlanylýan dürli maksatly harytlar, içerki bazar bilen bilelikde, dünýä bazarlarynda ornuny berkidýär. Gahryman Arkadagymyzyň ilhalar çözgüdi esasynda kabul edilen «Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň 2018—2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» hem-de bu döwür üçin degişli çäreleriň meýilnamasynyň çäklerinde iş alyp barýan hususy işewürleriň baş maksady özleri barada edilýän şeýle aladalara mynasyp zähmet görkezijileri bilen jogap bermekden ybaratdyr.

Milli Liderimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, ýurdumyzy ösdürmek, ykdysady taýdan kuwwatlandyrmak, raýatlaryň bagtyýar, eşretli, bolelin durmuşda ýaşamaklaryny üpjün etmek ugrunda alyp barýan beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy - Hakmyrat BABAGYLYJOW